MENU

02:11
Hat

HAT

“Salam, dostum, ýagdaýlaryň nähili,
Ejeň, kakaň, maşgalaňyz gowumy?
Şowhun bilen sowduňyzmy, sag-aman,
Aradaky iniňiziň toýuny?

Aý, meniňkem näsaglaryň haly-da,
Bir görseň-ä gowy, bir görseň erbet,
Men-ä, walla, dermandanam ýadadym.
(Şoňa baglydygmam çekdirýär ezýet)

Aramyzyň uzaklygna garaman,
Gaýta-gaýta gelýäň bilmäge halym...
Men bolsa diýipdim, birmahal saňa:
“Men sensizem öz başymy çararyn!”

“Unut geçenleri men-ä unutdym!”
Diýseňem geçmişi undup bilmedim,
Ah, dostum, bir pursat lezzet berse-de,
Sütem berýär halym sorap gelmegiň...

Geleňde, bir pursat giňeýär dünýäm,
Gubarly ýüregim barkaň gysanok.
Ýöne saňa edenlerimden ýaňa,
“Sag bol!” diýmäge-de bognum ysanok.

Eden dönükligmi bagyşlap bilmän,
Näletden gursagym baglady gemre
Maňa düşünýänsiň, (öňem düşerdiň...)
Haýyş edýän, dostum, yzymdan gelme!”

Şeý diýdi-de, sojap-sojap dem aldy,
Gözýaşlary çykdy dertleň kastyna,
Soňam hassa ýüzün berip aglady
Keselhanaň ysy siňen ýassyga.

© Gurbanmyrat MEREDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 134 | Добавил: sussupessimist | Теги: Gurbanmyrat Meredow | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Kyyas • 09:49, 17.12.2023
Yzyndan gelýän bolsa, özüne diýip bilmeýän sözlerini kagyza geçiren bolýa-da. Gowy goşgy
avatar
0
2 Seýrаn • 18:07, 17.12.2023
Erbet şygyr ýazmandyr Gurbanmyrat. Ýyldyz paýlanýan bolsa soňuna deňiç doldurýan.
avatar
0
3 Pero • 21:46, 17.12.2023
Hmmm,onda o dost "ýamanlygy çägä,ýagşylygy daşa ýazýan" dost eken. Goşgam salam haty ýaly zat bolupdyr. Täsirli.
Ýetireniñiz ün sagboluñ!
avatar
0
4 Мango • 23:45, 17.12.2023
galamdaşda okapdym.
okap halapdym.
avatar

uCoz