MENU

23:02
Hatyra
HATYRA

Biwagt aradan çykan gelnimiz Gülüstanyň ýagty ýadygärligine

Surata düşüpdim eliñden tutup,
Asyl ýadymyza düşmändi ölüm.
Taýýardym gitmäge dünýäñ çüñküne,
Garañkylyk bolup dursa-da öñüm.

Tutaý diýsem hany, indi eliñ ýok,
Jan teniñden gidiberdi sogrulyp.
Meñzedi bu dünýe ahyrzamana,
Ömrüñ güli duran çagy sowrulyp.

Ýat illerde derdimize em gözläp,
Torç etdik biz ýodalaryn, ýollaryn.
Ilki bilen ýadyma sen düşersiñ,
Ýöräp gitsem üstünden şol ýollaryñ.

Surata düşüpdim eliñden tutup,
Hany eliñ, hany, Aý ýaly keşbiñ?!
Sen bolmasañ döner gider hazana,
Dagyñ üstündäki ymarat-köşgüñ.

Göreşdiñ, göreşmek kemin goýmadyñ,
Ähli zat göreşe baglam däl ýaly.
Asyl, sen dünýäniñ görki ekeniñ,
Gözlerime indi dünýe dar ýaly.

Bu gün gözýaş dökýär gojaman Hazar,
Bu gün gözýaş dökýär söýdügiñ daglar.
Ah, muña özleri günäkär ýaly,
Gapyñda süllerip otyrlar baglar.

Surata düşüpdim eliñden tutup,
Asyl ýadymyza düşmändi ölüm.
Taýýardym gitmäge dünýäñ çüñküne,
Garañkylyk bolup dursa-da öñüm.

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 148 | Добавил: Medicall | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Medicall • 23:13, 03.11.2023
Imany hemra bolsun, baran ýeri berilsin. Yzynda galanlaryna Alla giñlik, abraý bersin!

Karkarajeke, ýañy jañ edeniñizde bildim, gündizlikde bolsa barardym, ertirem dañdan ýola gitmeli, belli günlerine görünerin.
avatar
0
2 Мango • 09:35, 04.11.2023
Allah rahmet etsin.
***
"Asyl ýadymyza düşmändi ölüm"...
emma, ony ýatlap durmaly. sebäbi ony her kim datjakdyr. ol ýaşa ýa garra seredenok. wagty gelse dürli bahanalar bilen gapyň kakylýar.
***
bir-iki gezek öli ýuwgysyna kömekçi bolup gatnaşyp gördüm.
täsirlenendirindä, bilmedim, ýöne indi her gezek aýagyma suw akydyp ýuwamda özümi öli ýaly duýýan. özüm öz öli aýagyma suw akydyp duran ýaly bolýan...
hawa, häzir özüm öz aýagyma akydaýn, ýöne bir gün başga biri aýagyma suw akydar...
**
ýene bir gezek, merhuma Allahdan rahmet dileýän.
avatar
0
3 Pero • 14:45, 06.11.2023
4-nji synpa geçilỳän tomus dynç alyṣda ýakyn synpdaṣ joramy ýitiripdim. O barada ýatlama- hekaýamda ýazanam ekenim. Garaz,ṣondan soñ çagalykdan birbada saỳlanan ýaly bolupdym,ölüm hakda belki ṣonda ilkinji gezek pikir edipdim.
Ogultäç gelnejä Alla kuwwat bersin! Aradan çykana iman baýlygy berilsin! Soragy ýeñil bolsun!
avatar

uCoz