MENU

16:44
Haýsy topar biz

HAÝSY TOPAR BIZ

"Ynanýan" diýýäsem weli
Ynammyzda
ygraram ýok
yhlasam ýok
erkem ýok.
Biziñki nähili ynanja girýä?!
Biz özümiz haýsy topara girýäs?!
Döwrebap ynançly
Bolmakmy ýa şu?
Öz üstüñden
Özüñ gülmekmi ýa şu?
Hut anyklyk bizi yryp bilmändir
Nämälimlik bolsa dyza çökerdi.
Bize aşa umyt berdi
Ýel berdi
arşa çykardy.
Görnetin Permana eýgerip bilmän
Nämälimlik içre umytda gezýäs
Şeýdip özümizi köşeşdirýäs biz
Bil baglaýas
Bil baglaýas Hudaýa
Has dogrusy
göz ýumup galan zada
Bil baglaýas
Täk "Geçirimli" ada
Ajy gözýaş döke-döke.
Biziñki nähili ynanja girýä
Kaka?!

© Meñli AŞYROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 101 | Добавил: Medicall | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.8/4
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Мango • 21:50, 11.03.2023
kaka berilen sorag.
ýöne, diňe bir kaka-da däl.
avatar
0
2 Medicall • 23:41, 11.03.2023
OL "Geçirimlidir" diýýäs-de etjegmizi ediberýãs, ýa
-da ynanýas diýibem etjegmizi edýäsde Geçirimlidir diýip umytda bolan bolýas. Wah, Onuñ geçirimlidigine şübhe ýokla.. Umuman biz gowy däl bolýas..

Ynsany ählini Ygrarlylyga, imanlylyga çagyrýan päkize goşgy. Ýüreginden syzdyryp adamlary gowulyga çagyrýar,.
avatar
0
3 Mekan • 01:50, 12.03.2023
Kakasy:
-Öýkenme ynanja girýä, guzym, öýkenme... Hä-äk bolýada... )-:
avatar

uCoz