MENU

22:54
“Haýyş, meni bagyşlama!..”
"HAÝYŞ, MENI BAGYŞLAMA!"

Söýgümem saňa däldir em,
Kalbyň bolsa pagyş-para.
Sen bolmasaň, ýüz döndüren
Sebäbem ýok bagyşlara.

Bagyşlama dözmeziňi,
Öňüňde ýazygym kändir.
Gözýaşlara ez gözümi,
Meniň deý sözüňden dän-de!

Giden gymmatly bolýar-a!
Barka gadry bilinmeýär.
Ýara alman, salsaň ýara,
Ýuka kalbyň dilinmeýär.

Bagtyňy gözle,
Nazaryň
dikip uzak-alyslara!
Men bolsa goşgy ýazaryn.
Haýyş, meni bagyşlama!

© Uzuk NOWRUZOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 194 | Добавил: Pegas | Теги: Uzuk Nowruzowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Merdan • 18:48, 07.07.2024
Pagyş-para bilen Bagyşlany ulansañ göz öñiñe Seýtmyradyñ goşgysy gelăyyärmi öz-özinden
avatar
0
2 Sag • 21:46, 08.07.2024
Biri-birine meňzeş goşgular
avatar

uCoz