MENU

12:13
Ýazgyt ýüki

Barlygyñ içinde ýok saýdylarmy?!
Ýa-da özüñ ýok saýdyñmy barlykdan.
Duýgulañ zibile okladylarmy?!
Ýagşy ýazgyt çykmanda dört barmakdan.

Mum kibi yşygyñ yzyndan kowup,
Tümlükde gezmäge endik etdiñmi?!
Müñ ýola umydyñ ganatyn döwüp,
Soraglaryñ arasynda ýitdiñmi?!

Ýere agram salýanyñdan utanyp,
Ajalyñdan owal ýere girdiñmi?!
Durmuş erteki däl bizem şazada,
Düşündiñmi dünýäñ niçk ýerdigni?!

Hany, şowly günler bagta ýetirýän,
Bar derdiñem aýdyp bormy sözüñde!
Özünden ýüz esse ýüki göterýän,
Eýsem bir menmikäm ýeriñ ýüzünde!

© Süleýman TEKÄÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 139 | Добавил: Hyýalbent | Теги: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 2.8/5
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Mekan2 • 15:40, 27.03.2024
häzirlikçe atsyz, ýöne suratly goşgy diýsene

Düşündiñmi dünýäñ niçk ýerdigni?!

"düşündiňmi"den soň ýöneliş düşümdäki söz gelmeli. ýa şeýle

Düşündiñmi dünýäñ niçk ýerdigne?!

bolmaly, ýa-da şuňňalak etseňem bolady.

Bildiňmi dünýäñ niçik ýerdigini?!
avatar
0
2 Mekan2 • 15:47, 27.03.2024
iki sanyjak ýyldyza basýan. biri zähmetine, biri yhlasyna.
avatar
0
3 Pero • 15:57, 27.03.2024
Allah her kime göterip biljek ýüküni berýändir...
Göwnüñe ylham berýän bolsa,diýmek teselli hem berýändir. Sen ylhamyñ niýetiniñ jylawyny eliñe alsañ,söz üsti bilen ýagtylyga çykyp bilersiñ. Erbet ýazmaýañ. Ýazmagyñy dowam et,sesiñi dünýä eşitsin!
Ýagtylygam,garañkylygam,derdem,tesellem öz içimizdedigine düşünsek,ynansak durmuşymyz gowluga tarap üýtgär,inşalla.
avatar
0
4 Pero • 16:00, 27.03.2024
Myhman aga,teswir yazyp başlamda entäk hiç kim ýazmandy,ýazyp ýollaýançam 2 gezek ýazyp ýetişipsiñ:))
avatar
0
5 Mekan2 • 16:07, 27.03.2024
kompýuterde bolsam hezilläý, barmaklam klawýaturaň üstünde lezzinka oýnaýa. telefonda kyn: diňe gapdalyndaky harp basylýa, dogry basdym diýäň welinem, telefonam, "smart" diýseler, akyllysyran bolup: "şu sözi ýazjak bolduňmy?" diýen bolup, her hili söz hödürleýä.
avatar
0
6 Hyýalbent • 21:59, 27.03.2024
Eden belliklerñize beren maslahatlarñyza sagboluñ ýenede pikirlerñize garaşýan
avatar

uCoz