MENU

15:51
Heniz gowuşmadyk wysal
HENIZ GOWUŞMADYK WYSAL

Sen meni gowy görýäñ
Bilýän.
Bilmek hiç-le
Duýýan.
Duýgyny aldap bolmaýa
Barybir kä mahal
Gümanda galýan
Şonda ysgynym gaçýa
Işdäm kesilýä
Ýygrylýa süññüm
Göwräm ýygrylýa...

Yok,ýok!
Asla saña güman edemok
Heý beýle-de zat bolarmy,
Daş etsin!
Ýöne Sen meni
Nähilem bolsa
Belli maksat bilen
Ýollansyñ dünýä.
Şoñ üçin özüme betgüman bolýan
Düşünerin ýada düşünmen öýdüp
Haýsy maksat bilen
Ýaradylanmy
Awara bolýan.

✒ Meñli Aşyrowa
Категория: Goşgular | Просмотров: 120 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 lirika • 19:41, 26.04.2023
Oñat gosgy. Ýöne ,, Haýsy maksat bilen
Ýaradylanmy
Awara bolýan" -diýen setiriñe düsünmedim-dä. Haýsy maksat bilen ýaradylanmy bilmän sergezdan bolup ýörün diýjek bolduñyzmy?
avatar
0
2 Pero • 22:58, 26.04.2023
Dogry düşünipsiñiz lirika! Sözleriñ ýeri çalşylyp ulanylanda şeýle düşünişmezlik bolup bilýä.
avatar
0
3 Kyyas • 20:47, 27.04.2023
Gowy ýazylypdyr, akgynly okalýar. Menem höwes edýän emma bolanok. Awtora minnetdar şeýle goşgularyñyza garaşýan.
avatar

uCoz