MENU

22:12
Her gün çagyrýaň...

HER GÜN ÇAGYRÝAŇ...

Her gün çagyrýaň,
Baramok...
Saba-säher asman bilen zeminiň tapyşýan ýerinde
Duramok.
Perişdeleriň okaýan doga-dileglerini
Eşdemok...

Ukumdan aýňalyp,
Mukaddes kitabyňy elime alamok...
Dyza çöküp, togap edip,
Aýak üstüne galamok...

Ak reňkli monjugy,
SENIŇ adyňy gaýtalap
Sanamok...
Jan şirinmiş,
Bolşum gursun,
Bu bolşuma
Wyždanymy gynamok.

Bu ýagdaýym bir gezek däl.
Indi ýigrim alty ýyllap,
Dergähiňde özüm üçin
Ýer barlygyny duýamok...
Ýöne bir zat anyk ahyr
Men musulman şonuň üçin
ÖZÜŇDEN özgesine uýamok...

Gurbanmyrat SARYÝEW
16.01.2024 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: kysmat | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 13:20, 17.01.2024
Ukumdan Ukymdan aýňalyp,
Mukaddes kitabyňy* elime alamok...
Dyza çöküp, togap edip,
Aýak üstüne galamok...

*kitaby ULY ýazyp bolardy (...Kitabyňy...).
dyza çökmekli setir iki many berýär.
1) dyza çökdüm, togap (sežde) etdim, indem aýaga galamok
2) dyza-da çökemok, togabam edemok, aýak üstünede galamok.
ne kyýamda, ne rukuda ne seždede boldum diýjek bolduň öýdýän.

***
Ak reňkli monjugy,
SENIŇ adyňy gaýtalap
Sanamok...

tesbide "adyny sanamakdan" "ony zikir" etmek dogry boljak ýaly, ýagny "ak reňkli monjugy, SENI ýad edip sanamok... ýa-da ...ak reňkli monjugy, SENI zikr edip geçiremok..." garaz owazyny özüň sazlamaly-da.
ýöne onuň atlaryny hem monjuk bilen sanap bolar. 99 monjuk ýetýär. :-)

***
umuman ýüregiňden çykan sap sözlerdä bu.
gowy, nämede bolsa ýasamalyk ýok.
ýyzzyl!
avatar
0
2 Mekan2 • 15:13, 17.01.2024
bir anekdot (şu sözüň nähili ýazylýanyny bilemok) bardy. şeýleräk:

biriniň hossary dördünji gün gije ölýämiş. olam bir molladan soraýa:
- biziň merhumyň haly neneň bor?
- o namaz okaýadymy?
- ýok, ýöne anna agşamy öldi.
- oraza tutýadymy?
- ýok, ýöne anna agşamy öldi-dä.
- ...................?
- ýo-o, ýöne, neresse, anna agşamy gitdi.
gahary gelen molla
- onda oňa o gije zat diýen däldirler, ertesem .... edendirler - diýenmiş.

şoňçüýn, Gurbanmyrat beg, gaty arkaýynam bolma (degişýändirin, sary meňziňi soldurma).
avatar

uCoz