MENU

13:03
Her pursatdan bir setir

Ýüregim pianinonyň sazyny çalýar, ak-gara düwmejiklere basýan kimkä?...

***

Ondan kebelejikleriniň ýagdaýlaryny soradym, ol: ,,Mende güljagazlar bar" diýdi...

***

Öňler owadan ýylgyryşymyň bardygyny bilemokdym...

***

Içime salan zatlarym dagynyk bolup gitdi, gel, maňa ýygnaşsana!

***

Wendyden Piter Penini gysganýan Jaňjagaz men...

***

Kagyz. Galam. Ümsümlik. Senli pikirler...

***

Özümi ruh ýaly duýýan. Men olary görýän, olar meni görenok.

***

Gyzyň näzini galam bilen çekmekdir şahyr bolmak...

***

Şemally günde saýawanly ýöräsim gelýär...

***

Ruhy dünýämde ýyldyrym çakýar, içimdäki duýgularyň galmagala sesi eşdilenok...

***

Maňa saýaban beriň aýagymyň aşagyndaky ataş öçmesin

***

Duýgularymy ele aljak bolma, gyzgyndyr, elini bişiräýme!

***

Daşymdaky ýarganatlar içimdäki kebeleklerimi ürküzýär.

© Enemähri GUWANOWA
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 104 | Добавил: Garlawac | Теги: Enemähri Guwanowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz