MENU

20:36
Heser küýsegi

Häzir ýolda bolsaň...
Eden ýalňyşlaň
Ýüregiňe düşüp dursa azary,
Aladadan dykyn bolsa kelläňem,
Göwnüňe-de deglen bolsa mazaly,
Ýeke bolsaň,
Ýakynlaryň birisem
öňüňden çykmasa, açmasa göwnüň,
Yzyn üzmän çilim çekseň üsgürmän,
Howa sowap, çyplaň bolsa hor egniň,
Itler bölmeseler pikir-oýuňy,
Guşlar jürküldeşip “aýdym aýtmasa”,
Hol görünýän oglanjyklar pete-pet
gabatlaşyp, ýaşuludyr öýtmese —
Salam bermeseler, salam almasaň,
Ýoluň dowam etseň telli-pelliräk,
Soňam öňki-soňky armanyň üçin
Bir uludan nagra tartsaň däliräp,
Belki, bir goşgy dörärdi...

© Sapa HOMMADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/6
Всего комментариев: 4
avatar
1
1 Pero • 22:52, 27.11.2023
Bu goṣgy üçin Sapa Hommadowy gutlamak zerur boldy. Çünki ýürekden aýakýalañ ýöredi. Öñler Sapada mydama gowy emma çarçuwañ içindäki goṣgulary okapdym. Bu bolsa erkin hemem täsirli çykypdyr. Tüwele,awtor dürli stillerde goṣgy ýazýar we hötdesindenem gelýär. Dowamly bolsun!
avatar
1
2 Smith • 00:59, 28.11.2023
Suratlandyryp, suňşuryp gidip otyr welin, näme diýerkä soňunda diýýäň. Goşgy dörärdi welin, goşguda bir zatlar bolsa hasam gowy bordy.
avatar
1
3 Lacrymosa • 04:48, 28.11.2023
Meniň bir keselim bar. Oňa medtsinada ,,Öwünjeňlige göwünjeň" diýilýär. Bu goşgy şo keselimi gozgady. ŞU ŞAHYR MEŇ JIGIM-DÄÄÄ!
avatar
1
4 Мango • 10:04, 28.11.2023
eýle-beýle däl dert azapdan, güzapdan soň dörän goşgy kim üçin döremeli?
ýüregiňe azar berenler üçinmi,
kellä alada dykanlar üçinmi,
göwnüňe degenler üçinmi,
ýeke goýan ýakynlaryň üçinmi...?

o sanan problemlaryňdan soň
"Bir uludan nagra tartyp däliräp"
ähli zada küfür (XXXXXXXX-XXXXXXXX-XXXXXX!!!!!) edip ýeňlänin goşgy ýazmakdan aňsat bolaýmasa.

5 ýyzzyl.
avatar

uCoz