MENU

23:15
Höküm

HÖKÜM

Häzir goşgy ähli zatdan has zerur
Dili tutulýana dildar deý möhüm.
Gündogarda tüm bar, günbatarda nur
Goşgy dymyşlyga çykarýar höküm.

Nebir derdim bardy sygmaýan göze
Uludy gussanyň ýüregi kimin.
Rehimdar bentlerim meni deňize
Agdaryp goýberdi, gark boldum elin.

Ötünjim goşgy deý juda belentdi
Goşgy bilen ýetdim sekiz gat arşa.
Ýalňyşlarym meni dergähe eltdi
Geldim ýeke özüm ýar garşy alsa.

Sen kalbymyň derýa dönen mawysy
Eý, ähli şygyrlaň deňzine bakýan!
Ýetermi köňlümiň ahy-nalasy,
Ökünjim derýama goşulyp akýar.

Bar uruşda ölmän galan şehit men
Söweşler dynmazak başym üstünde.
Eý, goşgym gel, ýagtylyga äkit sen
Ýogsam galjak deýin bu agyr tümde.

© Seýran OTUZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Medicall | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 10:00, 05.08.2024
"Gündogarda tüm bar, günbatarda nur" – ajaýyp boýun alyş.
ýöne günbataryň nury hem o diýen bir nur  dälmikä diýän. 
ýene-de ýöne, häzirki günbatar bilen deňeseň.... elbet-de iň bolmanda nurrak.

---
goşgyň ady "höküm".... nämä höküm edildi? 
belki öz oňarmadyk zadyny goşgusyna höküm edýär:  "goşgym gel, ýagtylyga äkit sen".
diýmek Seýran günbatary küýseýär, ýogsym "goşgym, ýagtylygy getir sen" diýerdi... 

---

Bar uruşda ölmän galan şehit men
Söweşler dynmazak başym üstünde.

uruşda ölene şehit, ölmän ýaralanana gazi diýilýädämi?
ýa seýran "şehitler ölmeýär" ("olara öli diýmäň...") prinsipinden ugur aldymyka?

"Söweşler dynmazak başym üstünde"

okaňda inni, şü "dynmazagy" haýsyna baglamaly?
başamy ýa söweşe...
1) Söweşler - dynmazak başym üstünde
2) Dynmazak söweşler - başym üstünde

---
Ýalňyşlarym meni dergähe eltdi
Geldim ýeke özüm ýar garşy alsa.

ýerimden turybrak çapak çaldym we "Ýaşasyn ýalňyşlar" diýip aklymda aýladym. (ýaşasyn, eger dergähe eltjek bolsa)

5 ýyzzyl.

Seýran däde, ýagtylyga ýetseň bizi-ýem unutma...
gol bulagyn...
avatar

uCoz