MENU

11:04
Hoş Hallyk Haty


Ýakynda ,,Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, ,,Awaza” şypahanasyndan mesaj geldi: ýagny daşynda şypahananyň surat bolan kürüşgejik. Ine, şu suratdaky kürüşge. Muny şypahanada dynç almaga çagyryş, çakylyk diýip düşündik we kabul etdik. Bu örän ýakymly boldy. Ilki bilen şeýle düşgündikleri üçin öz hoş hallygymyzy bildirýäris.
Adama garrandygyny, aram-aram bejergi alyp durmalydygyny (umuman näsagdygymyzy, bizde ötüşen ýadawlygyň bardygyny, o ýüzdenem ýüzümiziň-gözümiziň güpbük-ýapbykdygyny, dynç almak bilen normal formata gelmelidigimizi, owadan däldigimizi) şeýle medeniýetli, şeýle diplomatiçnyý duýdurmagy başaran ,,Awaza” şypahanasynyň kollektiwini, önjelikle Nurdan hanymy şu günki 18-nji fewral – Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen gutlaýarys. Çok naziksiňiz. Çaşkajygy her elime alamda bir zady hiss edýärin: men-ä Nobel alamda-da şun ýaly begenerin öýdemok. Eger çynym! Ynanmadyk Nobel alamda ýanymda durup göräýsin...
Ýoksa-da: Bizi sylany Alla ýalkasyn! Her biriňize jan saglyk, maşgala abatlygyny, şypahanaňyza bolsa halk ynamy, söýgüsi we abraý arzuw edýäris.

Surata düşüren @Aýgül Garaýewa, içindäki pul hem elbet olara ait...
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 322 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Aýgül Garaýewa, Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 garagar • 17:05, 18.02.2024
Nesip etsin, Laçrymosa. Begeneniňe begendim. Şypahana barmaly bolduň öýdýän.
avatar
0
2 Medicall • 18:30, 18.02.2024
@Lacrymosa, içindäki pullary sanadym şu mahal, @Aýgüliñka bariken Merdan ikisine şypahanada dynç alarlyk puly:)

Nobel berjek diýip çagyranlarynda ilki bize çakylyk ugradarsyñ-a hää))

geliñ, garaşýas, "hökman garraryñyza garaşyp ýörmäñ,
garrañdan soñ bejermeklik giç bolar:)"
avatar
0
3 Pero • 21:11, 18.02.2024
:))))
avatar

uCoz