MENU

20:41
Hötde gel
Hötde gel

Bil ezizim durmuş mydam bahar däl,
Kynçylyk bar sen olara hötde gel.
Dözüm edip gaharyma gahar däl,
Güler ýüzli synagymdan öt-de gel.

Bir ädim ät, men ädeýin ikini,
Kürsäp giräý, kakyp durma gapyny,
Daş etmegin eger-eger ýakyny,
Alys bolsa sen barybir ýet-de gel.

Söýgi ýoly syratdanam inçesi,
Bir mähir däl, şatlyk bagtyň ençesi,
Gülläýse-de gaharymyň gunçasy,
Aý-ýyllyk däl, bije minut git-de gel.

Keşbim siňsin umman kimin päk göze,
Başyňy galdyrma her dürli söze,
Mahmal saçly ak gar kimin aý ýüze,
Gahar däl-de bagt ýaşmagyn çek-de gel

Ahmet Arazow
Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz