MENU

12:02
Howa sowap başlady
HOWA SOWAP BAŞLADY

Penjiräni ýap,
Peji ýak!
Üşemezimiz ýaly.
Dileg edeli biraz
Göwün sähel giñär ýaly.
Sowuk bizi çarçuwa salýar,
Ýogsam, biz bir wagt dagda borduk.
Kese ösýän baglary synlap,
Ýokary akýan çeşmejige bakyp
Dünýäni biraz beýikden görüp
Kän şükürler aýdardyk weli,
Sowuk bizi gabady.
Şeýle üşek bolsagam
Añzagy söýýäs, nämüçinkä
Belki bizi ikiçäkleşdirýänligi üçindir.
Garaz añzak bize araçy
Sowuklykdan ýylylyk döredýär.
Gel şoñ üçin şükür edeli!
Diñe salkynlyk bolsa
Gör biz nirlerden çykardyk.

Sap erkinlik arzuwymyz
hiç haçanam paşmady.
Gapylary, penjireleri ýapaly
Howa sowap başlady.

© Meñli AŞYROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 122 | Добавил: Medicall | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 23:28, 05.01.2023
Daniýa, Norwegiýa ýaly skandinaw sowuk ülkelerinde "hügge" ("хюгге") diýen düşünje bar (öňem agzapdym).
Meňliň goşgusy şony ýatlatdy.
Daşary sowuk.
Öýde peç ýanýar.
Halany bilen ikiçäk.
Sowukdan dörän ýylylyk
Tefekkür, Şükür...
gysgaça "хюгге" barada Maýk daýy näme diýýä, gör bak, oka:
Майк Викинг, основатель и руководитель датского Института исследования счастья, даёт в своей книге «Hygge. Секрет датского счастья» 8 советов достижения хюгге:

1) Сделать уютными место пребывания — дом, офис
2) Принимать в гости дома близких людей
3) Вкусно есть, наслаждаться готовкой пищи
4) Вести активный образ жизни
5) Одеваться в удобную, непринуждённую одежду
6) Получать удовольствие от простых радостей
7) Заниматься хобби, творческими занятиями, которые приносят удовольствие
8) Иметь чувство меры, получая удовольствия

şujagaz linke-de göz aýlaň: https://lifehacker.ru/hygge/

goşgydaky pikirleri haladym.
berekella.
avatar

uCoz