MENU

08:57
Hümmüldi
HÜMMÜLDI

Egnimde penjek,
boýnumda galstuk,
birmahal penjegim deý saçlarym,
indi köýnegim deý agarýa.
gözlemde gömlen gussalarymy,
aýnada görsem ýüregim agyrýa.

Ýyldyzlary çyra edinip aýlanan köçelem,
gör nije ýyldyr ädimlemme intizar.
Kellede hyýal,
ýürekde joşgun,
erinde çilim,
ýanyňda dostlaň...
...Indi, dostsuz o köçeleň näme keýpi bar?

Köne portfelde sary giden depderler,
sahypalaň solup gidipdir syýasy.
...indi onuň ýaly sözler, çygynsaň-da
ýazylanok,
ýazylýanam – umytlaryň öwlüýäsi.

Diwardan garaýan suratlar –
– ikisem ekiztaý ýaly...
(megerem, bir-birine mährem ynsanlar,
uzagyndan bolýan bolmaly,
bir eneden dogan mysaly).
Şol meňzeş jübtüň mende gözleri.
Olaň bermedik soragyna jogap dileýän,
pyşyrdap içimden sowally sözleri:
-Başardymmy?
Başarmadymmy ýa?
diňleýän,
diňleýän...
...Jogaba derek, ikisem dymýa...

Ine indem...
...egnimde penjek,
boýnumda galstuk,
birmahal penjegim deý saçlarym,
indi köýnegim deý agarýa.
gözlemde gömlen gussalarymy,
aýnada görsem ýüregim agyrýa.
Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: Bagabat | Теги: Öwezgeldi Begliýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 10:04, 14.03.2023
gussalyja ken ekenaý.
olaryň ýaşyna ýakynlap ejeň-kakaň suratyna bakyp "başardymmy, başarmadymmy?" diýen sorag bilen gussa batmak...
***
gara penjegi ýaly gara saçlarynyň, ak köýnegi ýaly agarmagy we boýnuňy bogup duran galstuk... gyzykly detallar.
meniňem halamaýanym ak köýneklilik we kastýum balaklylyk, galstuklylyk...
ýa-da resmiligi halamak.
isleýşiň ýaly ýaşap bolaýsa.
Öwezgeldi kaka döretmäge dowam ediň.
üstünlikler.
avatar
0
2 Kyyas • 11:53, 14.03.2023
Minnetdar! Gaty tàsirli.
avatar

uCoz