MENU

02:52
Hüwdi

HÜWDI

Alyslarda bir şöhle bar...
Ýylysy kalbyma ýetýär.
Bir el sypaýar başymy,
Göni ýüregme seredýär
Ýyldyz deý parlaýan göreç
Diýýär maňa: «Bar zat öňde,
Ruhdan düşme!
Göreş!
Göreş!»

Alyslarda bir sudur bar...
Özem maňa meňzeş örän.
Ondan gulagma ses gelýär —
Meger, bir meň üçin dörän
Owazmy...
Mukammy ýa-da...
Ondan aýňalmankam häli
Ýagtylyp gidýär bir ýoda —
Çagyrýar şol taýa bir gol:
«Ýol oglusyň,
Sen ýolda bol!».

Garalyp semanyň meňzi,
Göhi gelende bulutlaň,
Men bilýän, şol şöhle, şol ses,
şol sudur meni unutmaz.
Duýulsa perişan halym,
Aýaga galarlar zowwa...
Hem ýellerden geler seda:
«Huwwa, balam!
Huwwa!
Huwwa!»

Alyslarda bir ene bar...

28.03.24

Mukam MUHAMOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 153 | Добавил: Awtor | Теги: Mukam Muhamow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Merdan • 09:03, 29.03.2024
Gowy gowy
avatar
0
2 sussupessimist • 09:12, 29.03.2024
Muny aýtmak üçin Merdan ýörite akkauntyna giren bolsa, dogrudanam gowydyr))
avatar
0
3 Lacrymosa • 10:19, 29.03.2024
hakykatdanam gowy eken
avatar
0
4 Ak-sary • 11:00, 29.03.2024
Goşgyda iki adamy görmek bolýar.
avatar
0
5 Мango • 16:13, 29.03.2024
«...Bar zat öňde,
Ruhdan düşme!
Göreş!
Göreş!»

«Ýol oglusyň,
Sen ýolda bol!»

gowy nesihatlar, ýöne goşgyň soňy rahatladyp, uklatdy...

«Huwwa, balam!
Huwwa!
Huwwa!»

ýa, dynç alyp täzeden Göreşe, täzeden Ýola dowam üçinmi?
avatar
0
6 Küle • 13:53, 30.03.2024
Men Mukamy tapmadym. Bilemok.
avatar

uCoz