MENU

23:37
Hyşy-wyşy

HYŞY-WYŞY

Hyşy-wyşy, hyşy-wyşy...
Lenç etdi gyşy.
Gyş, hamala, tomsy söýenmiş.
Emma, ara düşenmiş ýaz.
Şondan bärem gyşy,
Buz örtüp doňmuş.
Hem ondan gelýärmiş aýazly owaz.
„Bu baharjyk kimmiş, ýazjagaz kimmiş”

Gyşyň „ýazjagaz” diýýäni ýumşajyk ýagyş,
Garlary eredeýän, buzlary ýarýan.
Egni gyrmyzdonly ala-ýaz ýigit,
Bilbilleri hoş owazly saýraýan.
Desse-desse güllerini
Sowgat edýän tomusa...
„Ýazjagaz” diýibersin
Bularyň barysy gyş üçin gussa.

Hyşy-wyşy, hyşy-wyşy.
Tomusda galňan ýapraklar pyşyrdap,
Hyşyda-wyşy.
Hamana tomus ýat edip gyşy,
Ýanýarmyş .
Käteler öýlänçi gelip, şybyrdap,
Ýagyş ýagýarmyş.
Ýöne ol asla ýagyş däl,
Tomsuň döken gözýaşymyş...

© Ylýas AMANGELDI
Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: Мango | Теги: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
2
1 Мango • 23:41, 20.02.2023
ýene bir owadan goşgy.
men-ä ynanmanam baramok, gyşyň tomsy söýenligine.
tomsuňam gyşy. gyzykly detal.
minnetdar.
avatar
1
2 Medicall • 06:40, 21.02.2023
Tomus gyzyñ obrazynda oýnap duran bolmaly bu goşgy-da, ýazam ýigit, gyşam, "Baharjygam kimmiş" diýip gaharjygy gelipdir-dä gyşyñ.
Gowy goşgy ekeni, Haladym!
avatar

uCoz