MENU

11:18
Iṣleriñ gidiṣi barada maglumat
IṢLERIÑ GIDIṢI HAKDA MAGLUMAT

Suwa aýak sokdum—
Ýüzäýmek galdy.

Ýaryşdaşym belli—
Ozaýmak galdy.

Bergi edip bildik—
Üzäýmek galdy.

Guýyň ýeri belli—
Gazaýmak galdy.

Buýruk bar. Diňe bir
Çozaýmak galdy.

Meselämiz taýyn—
Çözäýmek galdy.

Ýazyjy-ha bolduk—
Ýazaýmak galdy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: Pero | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 10
avatar
0
1 Pero • 11:20, 22.09.2023
:)))) 10-lugyñ gözüniñ garajygyndan urupdyr-da. Awtoruñ ruhy ṣat bolsun!
avatar
0
2 Medicall • 14:19, 22.09.2023
hemme zat dilde aňsatjakga-da, ýazyjy bolmak aňsat, ýazmak kyn:)

al ballym, bu saňa, hezil etde çofantelfekden içde, awadan bolla gawy zatlary ýaz, :)

avatar
1
3 Pero • 14:21, 22.09.2023
Çopantelpek dawleniýamy galdyrýa ejeke.
avatar
0
4 Medicall • 14:26, 22.09.2023
goýdeýt, şu ýaşyňdadawir dawlenni bolarmy, iç diýdim iç şony, waspleniýäňi aýrar, sen näme togtarmy, nirden wilýäň oň dawlinnäňi göterip bilýänni, güýji ýetmeýä oň dawlenniňe, agyr-a seň dawlenniň çofantelfekden:)
avatar
0
5 Pero • 14:31, 22.09.2023
Içmeli diýseler bir gysym guyaýýan ekenimdä bir çäýnege,onsoñ dawleniýe galarda ejeke. Indi bilýän-le nädip içmelidigini. Sen iç diýseñ içmeli borun. "Dawlenni" sözüni eṣidip señem dawlenniñ galdy öýdýän. Me,saña-da narpyzly çaý. Rahatlanarsyñ :))
avatar
0
6 Medicall • 14:36, 22.09.2023
ýokdeýt bally, öz gepleşim şonýalleýt, özüm şun gije işden soň bar zada: "gidiňsenäňeýt baryňyz, innem 5-e çenli kawnetda oturyp samsykdä men" diýdimde gidip ploşadkada sallançak uçup, rahatlanyp gaýtdymdaý, narfyz içsem uklaryn, inni işlemeli:)
avatar
0
7 Pero • 14:40, 22.09.2023
Onda kofejik içeweý.
avatar
1
8 Мango • 17:18, 22.09.2023
nal aldym –
at alaýmak galdy

-diýen ýaly :-)
geň galan ýerim.... Berdinazar aga-da modern ýazýan eken-ä käwagt.
modern diýýänim: artykmaç söz owadanlajak bolup kösenmänjik ýazypdyr.
avatar
1
9 Мango • 13:41, 23.09.2023
"ballym" diýip diňe erkege diýilýämi, a aýala-da diýilýämi?

Bally diýip bir ýaşuly nefitdaga hyýar satmaga gidipmiş.
osoň bazarda her gelen daýza: "Ballym, gawjasyndan çekip ber" diýse, o görgülem özüni tanaýandyrlar, tanyş biridir diýip gowusyndanam saýlap, agyrragam çekip... satyp dumyş.
garaz tä "ballym"-a akyl ýetirýänçä zyýanynarak işläpdirmiş.
bu waka bolandyr, ýa-da gülüşdirmek üçin aýdýandyr... garaz menem eşitmiş, ballylam. :-)
avatar
0
10 Medicall • 13:54, 23.09.2023
nefitdag dä -newitdag:)

ballym - özüňden kiçi gyz oglan tapawudy ýok ballyň bolýar, emma at edip daksalar diňe erkek oglana dakýarlar, Aşgabatda bir tanşymyz bar ady Bally. ýöne asly maryly gardaşlardan olaň-a, olardada barkeni diýjek bollumdaý))
avatar

uCoz