MENU

22:35
Içim ýanýar...

Içim ýanýar,
Ony öçürip bilmersiñ,
Çuñlugyna oklasañam,
Sündürmez ol okeanam,
Çepime çekýär sag ýanym,
Seni küýseýär çep ýanym,
Şunçalap ejir çekýänim,
Duýmasañam, ýakyn-ýadyñ,
Duýdurandyr, uýdurandyr,
Sensiz dertlerimiñ ahyn,
Gülleñ mañlaýy gara der,
Gözýaş dökýär ýandaklaram,
Halymy gören itlerem,
Warryklaýan gurbagalar,
Gamyşlaryñ tozgalary,
Dulugma urup aglanlar,
Garaz senden özgeleri,
Özelenip ,,köşeş" diýýär,
Ýöne, eýýäm, soñy anyk,
Täleý bilen jedelim ýok,
Diri öli, kepenim ýok,
Belki-de gelip jaýlarsyñ,
Başga-ha gitjek ýerim ýok,
Taşlap giden ýeriñde men,
Içim ýanýar, daşymda-da,
Sowuk ýüzleñ bazary bar,
Ne-hä sowap bilýän,
Ne-de bir ýanyp,
Hiçkimiñ sandygna sygyp bilmejek,
Söýgim bar welin,
Men pully garyp...!

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 319 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 8
avatar
2
1 Мango • 11:55, 01.06.2024
Çepime çekýär sag ýanym,
Seni küýseýär çep ýanym,

sag - dogrulyk, dogry ýol hökmünde,
çep - terslik, egrilik, erbetlik, ýalňyş ýol... hökmünde hem boluberýär.

türkmenler orslaň sözi bilen diýýäler-ä: "lewä gitdi (gidýär)" diýip...
sagym левый küýseýär, çepim (ýürek tarapym) seni...

Baýramdan ýede-de bir aglak goşgy.
aglamaýd-a jan jigim.
avatar
1
2 Мango • 12:03, 01.06.2024
Baýramyň sagy çepe çekip başlan bolsa....
sroşno öýermeli...
avatar
0
3 @Baýram_Bejidow • 13:11, 01.06.2024
Gyz tafylsyn entek, onsoñ gör sen Mango akga))
avatar
1
4 Merdan • 13:40, 01.06.2024
Bir bogun bir bogun kemeldibem biljek ekeniñ,
Meselem
Täleý bilen jedel ýok,
Diri, öli kepen ýok..
w.şm
Soñam dymyk cekimsizleri golaý ulanmakdan gaçsañ gowy bolar goşgyda...
avatar
2
5 aygull • 13:56, 01.06.2024
Ŷok zat hakda nädip ýazyp bilýäler-aý? Tüweleme diýmeseň, başga söz ýok. Tüweleme!
avatar
1
6 Kerim • 09:53, 02.06.2024
Baýramyň goşgulary gaty gowy. Ine goşgy. Bolmanda meň üçinä şeýle.
avatar
0
7 Medicall • 18:18, 02.06.2024
Bizem ulalyp Baýramyñ ýaşyna barsak düşüneris-da näme diyjek bolyanyna, hä jigim))
avatar
0
8 Merdan • 01:42, 03.06.2024
Sandyga sygmaýan hala gelsek diýýäñmi Nurdan hanym.
avatar

uCoz