MENU

22:13
içimdäki aýna gyýyklary

IÇIMDÄKI AÝNA GYÝYKLARY

seniň barlygyň, barlyk üçin uly ýitgi. ýoklugyňdan ýokluk näme gazanarka, bilesim gelýär.

saňa ynanýan bolsam, bu aldamaga ökdeligiňden däl aldanmaga, aldanan bolmaga ökdeligimden.

öýünde bagtly adam - hakyky bagtly adam diýýäler. gör, adamlar bagtsyzlygyň nähili owadan kesgitlemesini tapypdyrlar.

wagt rehimsizligini etdi. ýanyňda bolmasam ýaşap bilerinem öýdemokdum. ýatlamanam oňup ýörün.

işe eltýän şu ýoly ýigrenýän. öýe getirýär.

düýşüňi durmuşyň bilen çalyşyp bolsady, iň gorkunç garabasmalaň äleminde ýaşardym.

süýji arzuwlar. ajy gözýaşlar. şor maňlaý. tagamsyz durmuş. turşy men.

şu gün çagalyk suratymy tapdym. şeýle bir ýylgyrýardym welin, elimdäkiň aýna däldigine gyýyldym.

GITSEM...

© Umyt KÜLE
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 115 | Добавил: Lacrymosa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 13:13, 15.01.2024
"şu gün çagalyk suratymy tapdym. şeýle bir ýylgyrýardym welin, elimdäkiň aýna däldigine gyýyldym".

owadan. ýöne ynanýan şo wagt "eliňdäkiň aýna däldigine gyýylman" diwardaky aýna bakan bolsaň, ynanýan, ýüzüňde edil suratdaky ýaly bolmasa-da şoňa ýakyn bir ýylgyryş tapardyň.

tagamsyz durmyşyň turşusy boluşyňam gyzykly, turşyragam bolsa.
avatar
0
2 Rowaç • 16:38, 15.01.2024
@Mango, turşy men - diýmän diýýän-ä, şü dürüşde men diýse neneň bolardyka? Neneň-niçik bolanda-da, şor maňlaýda ol tagam bar, osom, hemmesiniň miksi bolaýsa?
avatar

uCoz