MENU

11:44
Içimiñ iññildisi
IÇIMIŇ IŇŇILDISI

Asman, zemin, bulut, jeññel, tokaýlyk,
Görä dünýäñ ýüzi bulam-bujarlyk,
Bu bolýan zatlara ,,kada" diýeñde,
Sebäbin tapmadym ýüze tutarlyk.

Iñ bärkisi, seret!, Kiçijek kine,
Gysýan eken bogazyñy dem bermän,
,,Bagt" hakda aýdym aýtýar özgeler,
A men bolsa öz ugryma hiñlenýän.

Ýelli şar deý gussa doly ýüregme,
Gül diýenmiñ tikenleri çümüp dur,
Şum täleýim aşyk oýnaýan ýaly,
Kenegini mañlaýymdan sülüp dur.

Men hiç welin, haýpym gelýär köplere,
Ynamy top edip depişip ýörler,
Günäñ köp bölegni döwüre ýelmäp,
Boş-boş pikirlere ýapyşyp ýörler,
Bir sözlük duýgyny, müñ sözde jemläp,
Bimany pelsepe tapyşyp ýörler,
Hoş sözi berýäler peýdasyn demläp,
Soñ seni görseler gaçyşyp ýörler,
Dosty duşman ýerne satyşyp ýörler,
Sesi gatylaryñ pikrini diñläp,
Gapyşyp ýörler, çatyşyp ýörler...
Ah!, Gözli körler! Oýanyñ biraz,
Iñ bolmanda razy bolsun bu durmuş-,
-Bizden bir, nägile köpler,
Şol sanda menem, dymaýyn ýene,
Oñaýyn ýene, ,,ýazgyt" diýeýin ýatan ýerimden,
Belki oýanaryn, dañymyñ atan ýerinden,
Men kakasy bolsam ýazan setirmiñ,
Sen ejesi ýaly sypalap oka,
Gidirme uka, gitmesin ba:ka,
Dünýän gowylygna ynamyñ barka,
Üns berme dost, illeñ gepine,
Õlmänkäñ hiç bir zat barmaz petige,
Öñem ýetigä, çekýän çepiñe,
Durma ýöräber...

© Baýram BEJIDOW
Просмотров: 85 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.5/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Pero • 16:27, 26.04.2023
Ýelli şar deý gussa doly ýüregme,"doly däl-de doldy bolmaly. Doly diýjek bolsañ ýüregim diýmeli bolýa.

Hoş sözi berýäler peýdasyn demläp," belki peýdasyn peýläp bolmalydyr.

Öñem ýetigä, çekýän çepiñe,
Durma ýöräber... " çekýän çepiNe bolmaly
avatar
0
2 Балканов • 22:01, 10.05.2023
Örän gowy!
avatar

uCoz