MENU

17:25
Ikimize
IKIMIZE

Sen—ussat!
Sen—çeper sözüň aşygy!
Dostuň—galamyňdyr, söýgiň—edebiýat!
Del gözlerden gözleýänsiň yşgyňy,
Sebäp,
Sen maňa bigäne, menem saňa ýat!

Gabatlaşsak belki görmedik borsuň,
Tanamadyk borsuň,
Salamlaşmarsyň!
Menem şeýle...
Boýun egeris egoizime!
Ýöne men bilýärin, sen gamgyn bolup,
Bakarsyň, geçmişde galan yzyma,
Bilersiň yşgymyň ýeketäkdigni,
Setirlermiň päkdigni!

Ökünersiň,
Menem puşman ederin,
Söýgimizi ykrar etmänmiz üçin!
Ikimizem men-menligiň öňünde,
Baş egip, dyzymyz eplänmiz üçin!

Biz duşarys,
Islesek islemesekde!
Dilegim—duşuşyk galmasyn soňa!
Ikimize juda dardyr Daşoguz,
Biz birleşsek sygyp bileris oňa!

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/20322-ikimize.html. 03.12.2022ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Bagabat | Теги: Aýsapar Emelowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 10:14, 04.12.2022
Ikimize juda dardyr Daşoguz, 
Biz birleşsek sygyp bileris oňa! 

birleşmedikçe diňe Daşoguz däl, bütün dünýe dar.
birleşene kiçijek otagam giň. Her ýere sygsa bolýar.

Bagabada hem minnetdar. Şygyr okadany üçin
avatar

uCoz