MENU

10:34
Ikimize-de sorag
IKIMIZE-DE SORAG

Sen gitdiň,
Şondan soň, gaýdyp Güneş dogar öýtmedim.
Dogdy.

Sen gitdiň,
Şondan soň, gaýdyp güler öýtmedim gara gözlerim.
Güldi.

Saňa göwnümi berdim,
Çünki göwnümden ýokarda,
Berere gymmat zadym ýokdy.

Hoşlaşdyk,
Göwnümiz bir ýaly aýrylyşdyk biz.
Näme üçin?!

Söýmänmidik näme,
Birek-biregi?!

01.05.2008ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Bagabat • 10:45, 07.01.2023
Surat: Edward Munkyň 1894-nji ýylda çeken "Aýralyk" (Hijran) atly eseri.
avatar
0
2 Mekan • 11:46, 08.01.2023
Bäş ýyldyz
avatar
0
3 Pero • 10:58, 09.01.2023
Gowy goşgy. Başy batly başlap,soñy pyşyrdap gutaryan ýaly bir duýgy berdi maña-ha.
avatar

uCoz