MENU

22:17
Ikimiziň aramyz.

,,Özgelere seretme"
Diýsem gabanýamyşym.
,,Gabanamok men seni"
Diýsem aldaýamyşym.

,,Boýnunajyk al indi... "
Diýip başlaýar olam.
,,Gabanmaklyk aýypmy,
Söygä berýär-ä tagam?!."

Ine, şeýdibem başlar,
Biziň köne dawamyz.
Soňy öýkä-de ýa:zýar,
Bozaýmasyn aramyz!

Gabanjy ýok söýgini,
Deňäp duzsuz nahara,
,,Bilýan, Gülüm, utanýaň..".
Diýip goýýar gahara.

Bilýär gabanýanymy,
Emma aýdyp bilemok.
Menem biraz kejirje
Boýnuma-da alamok.

-Gabanamok!
-Gabanýaň!
Çözülmedik dawamyz.
Garaz nätjek şeýleräk
Ikimiziň aramyz.

2020
© Enemähri GUWANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: Garlawac | Теги: Enemähri Guwanowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
1
1 Abat • 22:08, 06.10.2023
Tüweleme.
avatar

uCoz