MENU

12:55
Iltimas
ILTIMAS

Elmydama oturyw ýok melege,
Men hem garaşýaryn dört dam arada.
Gelse, onsaň buýrup bilmän ýürege
Aýdyp berýän goşgularym barada.

Diýýär: «Men ýok çagtym ýazypsyň munam,
Beýle edip, harsallyga ýüz urmaň!
Şöhraty kowalap, gyssamaň menem,
Döwnäli her kemtigine göz ýumman!»

Goşçy eşek ýaly bolup aýrylman,
Niräk gitse menem şo ýerik bardym.
Gitjek wagty hemle urup gygyrman,
«Gitmäň!» diýip, çöke düşüp ýalbardym.

Gitdi birden...
Uçdy ýelden batlyja
Soňlanmadyk şygrym galdy azajyk.
Sensiz söýgim bolmaz eken datlyja
Geläý, ýene bir ýerlerden azaşyp... (03.02.2023ý)
Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: BayramberdiGeldimyradov | Теги: Bayramberdi Geldimyradow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Antiwirus • 15:42, 16.03.2023
Iltimas.iltimosmy
avatar

uCoz