MENU

14:30
«Iň gowy sözlermi aýdasym gelýär...»


***
Iň gowy sözlermi aýdasym gelýär,
Kakyşdyryp ýüregimiň kirşenin.
Kim bu düýşlerimden bir seni çilýän?!
Duýgulam akyp dur — ergini şemiň.

Tümden tüm bolupdyr ähli gözlegim,
It gary mysaly eredi sözler.
Öz-özümi oýarmaga dözmedim,
Birmahal saralyp solupdyr düzler.

Iman diýip ýapyşanym: «Ýol bolsun!»
diýip, gitdi ýüregimi pürreläp.
Ähli gorkularmy söýgä çalyşdym,
Hem özüme gün bermedim gižželäp:

«Eleşan halyňa kim söýer seni,
Arala çalymdaş oý-pikriň bilen».
Çepe çaldym porsap duran melhemi,
Derman bolsa maslyklaram bizelel.

Tagaşyksyz harplar yşkym berkitdi,
Düşünmän agladym, a:rman elendim.
Akmak boldum, akyllylar kemsitdi,
Dürdäne däldigme şonda begendim.

Iň gowy sözlermi aýdasym geldi,
Dahanymyň zeý ysyndan eýmendim.
Pagta süýjülerne dilimi ezdim,
Barybir ýanyňa barman eglendim.

Gazygynda garratdylar höwesim,
Müşgili köpeltdi müşgilgär döwler.
Kemis duýgularma çolaşyp galdym,
Iň gowy sözlermi aýdardym öňler.

© Maksatmyrat ÇARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 135 | Добавил: sussupessimist | Теги: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
-1
1 Seýrаn • 07:24, 16.06.2024
Goşgy örän gowy eken. Ýöne emmaki prozadan tapawudy gözellik has köp isleýär. "Porsap, maslyk, zeý ys" ýaly sözler gelişmeýär, olar nähili ýerlikli, çuň manyly we beýik pikirli ulansa-da. Berekella Maksatmyrat!
avatar
0
2 Ak-sary • 15:55, 16.06.2024
Goşgyny dikgije saklaýanam şol gödeñsiräk sözler
avatar

uCoz