MENU

21:43
Indi üýtgeşik söýerin

Indi üýtgeşik söýerin
Bäşim Ödegiň äheňinde
Aý-Günüm soňuz aýralyk,
Ýyllar gözümi baglaýar.
Ýeller älemi aýlanyp,
Ikimiz üçin aglaýar

Söýerin sowulmaz ýazy
Söýşi deýin ak guşlaryň.
Yşkyňdan doýulmaz ýaly,
Adyň kalba nagyşlaryn.

Söýerin men gül kamatyň,
Dideleňden doýup bilmän.
Eger uçsam, sen ganatym,
Sensiz ganat ýaýyp bilmen.

Aşyklary haýran edip,
Janymdan geçip söýerin.
Ömrüm saňa gurban edip,
Köňlümi açyp söýerin.

Güller görküň intizary,
Ýelden gabanyp söýerin.
Men sergezdan Mejnun ýaly,
Sähra aýlanyp söýerin.

Dabanyň depämiň täji,
Başyma goýup söýerin.
Aýralyk bar zatdan ajy,
Otlara köýüp söýerin.

Menden uzak bolsaň eger,
Kalba ot düşüp köýerin.
Arzylym, bir gelseň bolar,
Indi üýtgeşik söýerin.
Sylapberdi MUHAMOW,
03.01.2021
Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Sylapberdi | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz