MENU

01:17
Internet
INTERNET

Bäh, gyş geldi-de doñup galdy internet.
Ne añyry, ne-de bärsine bakýar.
Içiñi ýakýar!

Ýañy ýörän ýaly spidometr,
Radara düşerden tizligi-hä pes.
Pyşdyl ädiminde...
Sabrym uludan alyp dur nepes.

Garaşyp, gözlerim pallap başlady,
Gijäniñ garañkysyn duýmazdan
Agzym,
Zol çigit çigitläp göwnüm aldaýar.
Gaharym akyl berýär,
"Telepuny zyñ!"

Sabrym tüýkürinip, damagyn arçap,
Gaharymyñ sözüni görse-de makul.
Men bolsa, özümiñ kejirligimden,
Tutsada bir sözüm,
-tutanok ukym.
... Bilmedim, bilsemde bolmajagyny,
Garaşýan,
Ýoldaşym pec bilen derläp.
Ýañyjygam likirdäpjik durdy-la
Maña derek uklap galdy internet.

© Remezan MÄMMETGURBANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Medicall • 02:06, 10.12.2023
Şon ýaly pesmi?

içini ýak-da wi-fi çekdirsenay)

Näme bar şoña dagy gaharyñy sarp eder ýaly, gaýta internediñ içini ýakyp özünden öñ uklamalyýa)
avatar
0
2 Kyyas • 02:33, 10.12.2023
Wi fi öýde çekilgi men AG da kwartiramdada bar ondada gowy däl. Ahyr 20gb paket aldym. Onda-da bolyan yerimde 2g geçirmeseñ işlänok. Garaz gysgaça inernet net
avatar

uCoz