MENU

13:08
Itiñ aýagynda damja görünse...
Itiñ aýagynda damja görünse,
Sen ony suw diýip içýän halatyñ,
Ýalñyzlykda ýürek sünjüliberse
Asmandaky hyýallardan ne peýda,
Ýöremäge bolmanyn-da rowgatyñ,

Jesedimi süýräp ýören ruhymyñ,
Goýup gitmek rugsady hem berilmän,
Endige öwrülen erksiz gylygym,
Öz saýasyna-da gorkup yranýar.

Ýaşap ýör, gyrmyldap ölemden bäri,
Ýük bolup öz omzumuñ üstüne,
Tussaglykdan boşamaga umyt ýok,
Gün-günden garylyp barýaryn tüme.

© Remezan Mämetgurbanow
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 3.7/3
Всего комментариев: 4
avatar
1
1 Mekan • 14:04, 30.12.2023
Soñky iki bendi erbet dä. Birinji bendinden göwnüm suw içmedi.

Öz saýasyna-da gorkup yranýar.

Kölegesindenem gorkup tisginýär.

Iki süýrenmegiñem biri artyk ýaly.

Üstünlik.
avatar
0
2 Kyyas • 22:33, 30.12.2023
Kemi kändir. Kemsiz adam bolmaýşy ýaly kemis goşgymyñ sany sajagy ýok
avatar
0
3 Kyyas • 22:35, 30.12.2023
Süýrenip diýenin birini düzetdim
avatar
0
4 Mekan • 23:16, 30.12.2023
Bizem Kerim agañ GSM-sy dälläý. Şoñçüýn köp ýerde "aýdar, goýar-da" diýip geçibermelidir, Kyýas han.
avatar

uCoz