MENU

07:34
Iýul gijesi

IÝUL GIJESI

Ret edip kakamyň ogul islegin,
Ejemiň yhlasyn sowuryp ýele.
Doguldym iýulyň joşýan gijesi,
Bu dünýeden hat-habarsyz, gögele.

Arzuwyň paşmady, gyz bolup dogdum,
Kaka, gamlanaňok, sen şat uçursyz.
Juda meňzeşligim üçinmi ýa-da
Ynanýaňmy bolmajagma gujursyz?!

Söýdüň meni depäň üzre täç edip,
Adymy kalbyňa çekdiň nagyşlap.
A men seň söýgiňi gözläp ýatlardan
Hata etdim,
Bagyşla!

Barybir galmaýar töwekgelligim,
Nikalaşdym şygyr atly mert bilen.
Indi dostlarymam seň bilýänleň däl:
Ýarsy gaýgysyzlar,
Ýarsy dertliler.

Ömrüm bir ömüre sygardan uzyn,
Duýgulam bir ýürek götärden agyr.
Syrdaş boldy galam bilen kagyzym,
Tapýaryn olardan ruhuma haýyr.

...Doguldym iýulyň otly gijesi,
Kemsiz bişdim, däl men indi gögele.
Kaka, puja çykarmaryn arzuwyň,
Ejemiň yhlasy sowrulmaz ýele.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Pero • 08:39, 25.07.2023
Ajap goṣgy!
Ṣahyra zenanyñ doglan gününi gutlaýas. Sagdyn jisimli,sagdyn pikirli,sagdyn ruhly ömri ýaṣamagyñy arzuw edýäs.
avatar
1
2 Мango • 10:04, 25.07.2023
haýyrly ömür dileýän "kakasynyň ogul islegini ret edip,
ejesiniňiň yhlasyn ýele sowuryp" dünýä gelen Gurbanjemala.

goşgusynda: "kaka, arzuwyň puç bolandyr öýtme; eje, seňem yhlasyň ýele sowrulan däldir" - diýýän ýaly.
hawa, şeýle bir gyzlar bardyr, olar ogul ýerinde durup bilýändirler.

Gurbanjemal. doglan günüňem gutly bolsun (oň üstünden näçe wagt geçdi)... :-) şoň üçin bütün ömrüň gutly bolsun diýýän.
janyňyz sag bolsun, maşgalaňyz, çagalaryň arasynda gutly ýaşaň.
gutly günler, gutly hepdeler, gutly aýlar, gutly ýyllar.... ençeme, ençeme, ençeme...
avatar
1
3 @Baýram_Bejidow • 10:33, 25.07.2023
Goşgyny okap has hem duýgylandym ömrüñiz uzyn we manyly bolsun uýam!!
avatar

uCoz