MENU

22:24
Jelaleddin Menguberdi
JELALEDDIN MENGUBERDI

Türkmeniň batyry, merdi,
Jelaleddin Menguberdi.
Hatarda güýçli bir nerdi,
Jelaleddin Menguberdi.

Sürünip gelende duşman,
Kän sapar etdirdi puşman,
Türkmen adyna berdi şan,
Jelaleddin Menguberdi.

«Watan ýeke-täkdir!» diýip,
Gysym gumun jandan söýüp,
Çykdy är eşigin geýip,
Jelaleddin Menguberdi.

Ilden aýry bolman derdi,
Watan üçin döşün gerdi,
Kän duşmanyň läşin serdi,
Jelaleddin Menguberdi.

«Görülenden däldir dogmy,
Şeýle bor atanyň ogly» —
Diýdirdi duşmana dogry,
Jelaleddin Menguberdi.

Müň iki ýüz ýigrimide,
Soltan diýdiler ýigide.
Gezdi Watany täç ede,
Jelaleddin Menguberdi.

Mert pederleň ýolun seçip,
Görogludan kasam içip,
Söweşdi serinden geçip,
Jelaleddin Menguberdi.

Ar getirmän pederlere,
Ady doldy her ýerlere,
Nusga bu günki nerlere,
Jelaleddin Menguberdi.

© Döwrangeldi AGALYÝEW

Adalat gazeti 27.01.2023.ý
Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Medicall | Теги: Döwrangeldi Agalyýew | Рейтинг: 2.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Mekan • 22:43, 27.01.2023
Çykdy är eşigin geýip,

Şuny göçme manyda ulananam bolsa gelişmändir.

Aýal maşgalañ mertligini taryp edýän bolsa bordy weli...
avatar
0
2 Medicall • 22:49, 27.01.2023
))
avatar
1
3 Мango • 11:00, 28.01.2023
Özbekler Menguberdi diýýän ekenler.
Olar ony özbek milli gahrymany hasaplaýarlar.
Ýadygärlikleri dikilipdir. Menguberdi ordenini döredipdirler.
===
Muhammet şanyň türkmen aýalyndan boldy diýip aýdýalar.
Jelaletdin türkmen - ejesi türkmen bolany üçin türkmen hasaplanýamy?
Kakasy Muhammet şa türkmen dälmi?
===
Goşgy waspnama stil.
avatar

uCoz