MENU

10:39
Jemgyýetçilik ösüşiniň esasynda durýan gymmatlyklaryň ulgamy
JEMGYÝETÇILIK ÖSÜŞINIŇ ESASYNDA DURÝAN GYMMATLYKLARYŇ ULGAMY

Al-Faraby jemgyýetçilik ösüşiniň esasynda gymmatlyklaryň ulgamy durýar diýip hasaplap, şu pikirinden ugur almak bilenem, adamlaryň bilelikde ýaşamaklaryny şu aşakdaky görnüşlere bölýär:

1. Nadanlygyň şäheri – onuň ýaşaýjylary hiç haçan hakyky bagtyň nämedigini bilmeýärler, şonuň üçinem bagta, abadançylyga tarap ymtylmaýarlar. Şeýle şäheriň ýaşaýjylary „beden saglygyny, baýlygy, lezzeti, öz hyjuwlaryny gandyrmaga erkin mümkinçilikleriniň bolmagyny, şan-şöhraty we belent derejeleri” bagt hem abadançylyk diýip hasap edýärler. Nadan şäheriň şu aşakdaky görnüşleri bolýar:

•Zerurlygyň şäheri – onuň ýaşaýjylary diňe diri galmak bilen bagly gündelik zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ymtylýarlar;

• Alyş-çalşyň şäheri – onuň ýaşaýjylary üçin baýlyk gazanmak durmuşyň manysy bolup çykyş edýär;

• Pesligiň we Betbagtlygyň şäheri – onuň ýaşaýjylary ähli gadaganlyklary ret edip, diňe lezzet almak üçin ýaşaýarlar;

• Şöhratparazlygyň şäheri – onuň ýaşaýjylary diňe şan-şöhrata we özleriniň ykrar edilmeklerine ymtylýarlar;

• Häkimiýetparazlygyň şäheri – onuň ýaşaýjylary üçin häkimiýete ýetmek, özgeleri ýeňmek we olary özüňe tabyn etmek durmuşyň manysy bolup durýar;

• Tenparazlygyň şäheri – onuň ýaşaýjylary ähli ahlak kadalaryny inkär edip, diňe bozuklykda ýaşaýarlar.

2. Ahlaksyzlyk şäheri – onuň ýaşaýjylary hakyky bagtyň we ýagşy gylyklaryň nämedigini bilýärler, ýöne özlerini alyp baranlarynda şol zatlary bilmeýän ýaly, Nadanlygyň şäheriniň ýaşaýjylaryna çalymdaş hereket edýärler;

3. Üýtgäp duran şäher – öň Ýagşylyk şäheri bolupdyr, ýöne soň dürli sebäplere görä üýtgäpdir;

4. Azaşan şäher – onuň ýaşaýjylary ölenlerinden soň hakyky bagta ýeteris diýen umytda ýaşaýarlar;

5. Ýagşylyklaryň şäheri – onuň ýaşaýjylary biri-birine ýardam bermek arkaly hakyky bagta ýetmek maksady bilen ýaşaýarlar. Ol şäherde asudalyk, abadançylyk höküm sürýär.

Al-Farabynyň pikirine görä, diňe Ýagşylyklaryň şäherleriniň geljegi bolup, şolar dowam ederler. Şäherleriň galan görnüşleri bolsa öz-özlerinden dargap, ýeriň ýüzünden ýom-ýok bolup giderler. Şonuň ýaly-da Al-Faraby: „Eger-de Zeminde ýaşaýan halklar ählumumy bagta we abadançylyga ýetmek üçin birek-birege goldaw berip başlasalar tutuş ýeriň ýüzi ýagşylyga beslener” diýip belläpdir.

Çeşme: Serdar Ataýewiň "Gündogaryň beýik akyldary Al-Farabynyň pelsepe garaýyşlary" kitabyndan
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 73 | Добавил: Parahat6499 | Теги: Al-Faraby | Рейтинг: 4.2/5
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 00:24, 01.06.2023
"Al-Farabynyň pikirine görä,
diňe Ýagşylyklaryň şäherleriniň geljegi bolup,
şolar dowam ederler".

ýöne....
"Üýtgäp duran şäher – öň Ýagşylyk şäheri bolupdyr, ýöne soň dürli sebäplere görä üýtgäpdir".

diýmek, Ýagşylyklar şäheriniň geljegine, dowamlylygyna garantiýa ýok. islendik wagt dürli sebäplere görä üýtgäp biljek eken...
edil ýüreklerimiziň agyp-dönüşi ýaly...
avatar

uCoz