MENU

08:03
Käbäm ejem aglamasyn!.
KÄBÄM EJEM AGLAMASYN!

Görkezmesin ýowuz güni,
Gussa bagryn daglamasyn,
Päk göwnüne tiken çümüp,
Käbäm ejem aglamasyn.

Beýgelsin ýene-de bir gez,
Kalbynda galmasyn tegmil,
Damja gözýaşyna degmez,
Käbäm ejem aglamasyn.

Gora, eý Hak Perwerdigär,
Bolduk senden umydygär,
Şatlygy galsyn ýadygär,
Käbäm ejem aglamasyn.

Barmyş beterinden beter,
Geçmişi unutdym, ýeter,
Ýylgyrsa ýaralam biter,
Käbäm ejem aglamasyn.

Geldim ak süýtden kemala,
Zar bolup, mähir, jemala,
Umydy uçup şemala,
Käbäm ejem aglamasyn.

Boljagy az bolaryñam,
Haýyry ýok olaryñam,
Haky ýokdur soganyñam,
Käbäm ejem aglamasyn.

Geljege umydyn baglap,
,,Balam" diýip bagryn daglan,
Şu çaka bukulyp aglan,
Käbäm ejem aglamasyn.

Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 113 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 12:37, 29.04.2023
Haky ýokdur soganyñam,
Käbäm ejem aglamasyn.

soganly ýeri gelişdirmedim.
avatar
0
2 Балканов • 21:43, 10.05.2023
"Besdir daglaň garrany,
Besdir baglaň garrany,
Garrasak biz garraly,
Sen ggarama eje jan!" (Myrat Ömür)
Her kim Biribara ýüzlenip käbesine özüçe dileg edýär.
avatar

uCoz