MENU

13:19
Çaga we kagyz


ÇAGA WE AK KAGYZ

Ýaşalmadyk ömür, degmedik syýa,
Çaga çalarmadyk asman mysaly.
Iň kämil, iň tämiz, iň sap kapiýa
Düýrlärsiň göýä ol kagyzmy haly.

Çaga – akja kagyz, suwdanam dury,
Sen häzir dymsaňda aňarlar derdiň.
Hawa, sen, begdenem, handanam uly
Saňa düşünmezler ulalyberseň.

Ak kagyzdan ýelken açdyň durmuşa,
Gark etmez ummanyň hiç bir gomlary.
Çaga ädimleriň çalymdaş guşa
Aslynda hemmäniň birdir gamlary.

Gel gaşyma, seret hany gözüme,
Hem ýylgyr arassa duýgulaň bilen.
Aram tapjak argynlykdan bir salym
Görmersiň başga gün gaýgydan gülen.

Takat bersin köňle, çaga kuwwatyň,
Ýatladyp dünýäniň iň zor merdini.
Ýagtylt ýürekdäki ajy zulmatym,
Çaga bilen eredip bor her kimi.

Bagyşla, akja kagyz, ýalňyş ýazaýsak,
Galam alyp, haýdaberýäs bir bada.
Çaga aklyň bilen düşünýäň häzir
Düşünmersiň ulalansoň köp zada.

© Seýran OTUZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 120 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 00:04, 30.03.2024
seýranam beýle zatlary ýazýadymy?
seýrana gelişmeýän tertiplije goşgy. :-)
avatar

uCoz