MENU

13:20
Kaka, durmuş kyn ekeni...
[img[/img]

Kaka, durmuş kyn ekeni...

Kaka, durmuş kyn ekeni çakymdan,
Çaldy maña señ çalmadyk şarpygyñ.
Iñ ynamdar adamlamdan çakyldym,
Öwrendim parhyny çäjiñ- harpygyñ.

Büdredim, turmagy öwrendim bada,
Diñmegi öwrendim aglanymdan soñ.
Gülmegi öwrendim ýanamda ýa-da
boýnumda kemendi añlanymdan soñ.

Emendi duýgulam, bolup elem-tas,
Çar tarapa nazar dikdim delmurup.
Şeýdip, ýekelige höwrükdim men has,
Galam çekdi gussalarmy deñ durup.

Diýip: ,,Dünýäñ synaglarna döz geler"
Sen menden özüñi gözlän ekeniñ.
"Durmuş kyndyr" diýeninde özgeler,
Ejizje ogluña dözmän ekeniñ!

Günler bir-de ýasalan deý ýakymdan,
Kä girdaba eltýän sa:l eken, kaka!
Ýöne, durmuş ýowuz eken çakymdan,
Sen ýaly dözümsiz däl eken, kaka!

@ Mukam Muhamow
Категория: Goşgular | Просмотров: 146 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Mukam Muhamow | Рейтинг: 4.0/4
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Lacrymosa • 13:44, 29.03.2024
Nätdi, Mukamjan! Met wollumy?

Iii-jäää, dip ýö:män, kaka-da diýýäniňi milsinler-dä walla
avatar
0
2 Mekan2 • 15:00, 29.03.2024
gowja gürläýdä, Laçyn. sesiň gaýtalanyp ýör onsň içimde, ýüregedüşgünç aýdymyň gaýtalama ýeri ýaly. tassanam serýoznyý ýerde şonýaly gürleýädim.
avatar
0
3 Mekan2 • 15:23, 29.03.2024
suratdaky ýaşulyň başam barmagynyň goşar bilen birigýän ýerinde solup  giden nakolka bar eken.
avatar
0
4 aygull • 16:25, 29.03.2024
Suraty calyşsaň gowy bolar, Lacrymosa. Her näme diýseňem...
O elem ýaman uly adamyň eli, kakaň elimi ýa?
avatar
1
5 Awtor • 16:42, 29.03.2024
Käkeläp ýörenimi bilsinler, howwa)
avatar

uCoz