MENU

21:29
Kakageldi Patdykow "Enä hormat" 2018

Eserde rowaýata görä öz enesiniň iň soňky arzuwyny hasyl etmäge barýan perzendiň keşbi janlandyrylýar. Elbetde heýkeltaraş rowaýaty çeperleşdirýär hem ynandyrýar. Her perzent rowaýatdaky ýaly mukaddes käbäni öz enesine görkezmek mümkinçiligi bolmasa-da iň bolmanda onuň sen çagakaň eden arzuwyndaky adam bolup ýetişmegiň özi hem onuň üçin uly bagtdyr. Şonuň üçin hem "Jennet eneleriň aýagynyň aşagynda" diýilýän aýtgy bu heýkel eseriniň mazmuny bilen sazlaşyp özüňi dünýä getiren ynsanyň kermatyny uzakdan gözlemegiň zerurlygy ýoklugyny nygtaýan ýaly bolup dur.

Döwletmyrat Durdyýew sungaty öwreniji
Gündelik ýazgylary 01.04.2023 ý.
Категория: Suratkeşleriñ döredijiligi | Просмотров: 166 | Добавил: Merw | Теги: Döwletmyrat Durdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Myhman1185 • 10:04, 17.10.2023
Ner ýigidiñ gymasyna, köýneginiñ ýeñine seretseñ, şemala garşy ýöräp barýan ýaly. O ýel oglanyñ saçyna, daýzañ başatgyjyna täsir edip bilmändir.

Supermaniñ saçy ýaly, reaktiwniý samolýotyñ tizliginde uçanda-da saçy pozulanoga, şo tizlikde beton diwaryñ içinden geçsede uklatkasyna zat bolanok. Muñkam şonýaly bolmaly.
avatar
0
2 Myhman1185 • 10:07, 17.10.2023
Nebitdagda bardymy, düýäñ gapdalynda ýele garşy ýöräp barýanlañ heýkeli!?
avatar
0
3 Мango • 10:28, 17.10.2023
hawa, balakdaky tolkun meniňem ünsimi çekipdi.
aňyrky aýagynyň iň aşaky tolkuny realistik däl görünýär (belki biziň seredýän tarapymyzdan şeýledir) birhili mata tolkunmaýan ýaly...
ýöne hakykatdanam ol şemal enäniň başatgyjynda bolsa has gelişjek eken. ýa eli bilen şemala galgaýan başatgyjyny tutsa...
hemem oglanyň aýakýalaňlygam üns çekýär.
uzak ýola aýakýalaň gidilmez, bu ýöne awtor anatomiýa gözelligini görkezmek üçin köwüşsiz edendir hasapladym.

umuman gowy iş.
awtora berekella.
avatar

uCoz