MENU

13:02
Kalbym – täze kitap...


KALBYM – TÄZE KITAP...

Kalbym – täze kitap,
Göwnümem goşgy,
Okamaga okyjym ýok häzir-ä.
Dilim – tüýdük,
Dişlem – dürli notalar,
Saz çalýaryn iň soňky gez däliräp.

Ýürek – aýdylmaly ajaýyp aýdym,
Sözleri ýazylan, sazy düzüksiz.
Onun inçe, ynjyk-ynjyk tarlary,
Ýary umyt edip üzük-üzükdir.

Gözüm – sary reňki tapýan guraldyr,
Göreçlerim – şöhle berýän düwmejik.
Kirpiklem ýanypdyr yşkyň odundan
Çirkizlensoň, gara gaşym nämejik?!

Sag elim – sumrugyň gerlen ganaty,
Sol elim – gumrynyň gyrlan ganaty.
Gerilen ganatym ýary ynjytdy,
Ýeleksiz halatym iller halady.

Bir aýagym bagtyň ýoluna düşen,
Bir aýagym wagtyň toruna düşen,
Meni salgym tutan dünýä aýlansoň,
Olar Haka barýan şo-ol ýola düşer.

Maňlaýym Hudaýyň ýazan depderi,
Jilt-jilt, bap-bap çap bolmadyk kitapdyr.
Meni şu zeýilli bir adam edip,
Bir halyçy dokuz aýda dokapdyr.

© Gurbanmyrat SARYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: kysmat | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 4.3/6
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 01:19, 30.01.2024
hmmmm...
Kalbym,
Göwnüm,
Dilim,
Dişlem,
Ýüregim,
Gözüm,
Göreçlerim,
Kirpiklem,
Gaşym,
Sag elim,
Sol elim,
Bir aýagym,
(Beýleki) aýagym,
Maňlaýym.

(Gözüm – sary reňki tapýan guraldyr)
şu Saryňa gowuşaweri bahymrak...
başga reňki saýgarýanam däldir ol dedektor gözleriň :-)
avatar

uCoz