MENU

12:46
Karar
KARAR

Pikirlermi manat deýin sowurdym,
Galdym köpüksiz.
Söýgi meniň çekdi iki owurdym,
...Däldim çepiksi.

Gözleri – gülälek, gabagy – badam,
Sataşdy bir gyz.
Söýmezmi, heý, yşkdan ýasalan adam,
Tutaşdym ýalňyz.

Söýdüm, şeýdip, oda atyldy ýürek,
Galdym jigersiz.
Ynam – söýgä tarap urulan kürek,
Ahyr ýeňersiň.

Ýeňmek nire, gaçyp ysgyn-mydardan,
Boldum alňasak.
Söýgi agyr eken çekip-çydardan,
Iki bolmasak…

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 104 | Добавил: Parahat6499 | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 12:31, 25.05.2023
Gow goşgy ken.

Pikirlermi manat deýin sowurdym

Manat diýeňde onuň hümmeti ýada düşdi.
Soňam oňa meňzedilen pikirleriň hümmeti….
Pikirlerde-de hümmet bolýar…

Söýgi agyr eken çekip-çydardan,
Iki bolmasak…


Gowy pikir, hümmetli pikir…
Agyr ýükü iki bolup eýgerjek bolmaly, ýöne üçünji birini, dördünji birini kömege çagyrmaly däldir… (diýip, degişen bolaýyn ýerliksiz :-) ).
avatar
0
2 Parahat6499 • 16:53, 25.05.2023
:)
avatar

uCoz