MENU

19:43
Käse, aýna, telefon, göwün...

KÄSE, AÝNA, TELEFON, GÖWÜN

Şu gün käsäm gaçdy,
Elimden taýyp
Döwüläýdi-dä.
Şakäsedi özem,
Gyrasy moýly,
Ýaraly borly.
Ony säher bilen
Çaý içäýmänkäm
Ýuwa:ýyn diýip,
Ýuwuşym şol boldy,
Ýuwulaýdy-da,
Döwüläýdi-dä...

Dek düýn säher bilen
Ýüz görülýänje
Aýnam kül boldy.
Baý-baý gül boldy.
Onuň ne-hä moýy
Ne çyzygy bar.
Abatdy-laý ol,
Ah, bardy-laý ol,
Düýnden öň meň üçin
Bar zatdy-laý ol.

Boljak işmiş diýýän,
Öňňin ahyry,
Telefonyň gorag ekeranyny
Tekä baryp, bäş manada goýdurdym.
Bahasyndan biläý diýilýäni-dä,
Awtobusa münüp-münmänkämem ol
Çat açaýdy-laý,
«Şat» gaçaýdy-laý...

Öňňiniň öňňini
Bolmaly şo gün,
Bir agyr söz üçin
Göwnüm döwüldi.
Döwüldi, döwüldi.
Ýogsa-ha ol tüýs
Ýaýnap ýören göwündi.
Zyýany ýok diýägede,
Bejermäge, oňarmaga
guraly ýok diýägede,
Göwünjigmi, göwünjigmi
Üfleşdirdim, köşeşdirdim.
Indiden soň döwülseňem,
Düwülseňem diňe özüň
Çözülmeli
Çözülmeli
Diýägede akyl berdim...

Ýöne, ine
Şakäsäme,
Ýüz görülýän aýnajyga,
Telefonyň ekranyna,
Akyl bermäge akylym ýok,
Täzelemäge-de pulum...

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 133 | Добавил: Saryýew | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 lirika • 23:26, 26.04.2023
Bejermäge, oňarmaga
guraly ýok diýägede, --Dogry, bejermek üçin gural ýok, ýöne bejerýänçi adam bar. Olam-sen.
Wiý, grammatik ýalñyslyklaryña üns beräýseñiz hasam oñat bolardy.
Üstünlikler!!!
avatar
0
2 Mergenowna • 08:01, 27.04.2023
Super, göwniñi ýyksalar üfläpjik sypalapjyk köşeşdirip bolýar, beýleki döwlenlere pul gerek bolýa, olar akyl, gõwinlik almaýa
avatar
0
3 Saryýew • 20:51, 28.04.2023
Lirika, bellikleriňe hoşaldyryn!
avatar

uCoz