MENU

14:56
Dileg

DILEG

Gora Keremli Alla,
Kemsiz Kelamyñ bilen.
Tükeniksiz äleme
Soñsuz Salamyñ bilen.

Ykballar öwrüm-öwrüm,
Gül janlar owram-owram...
Synaga gelen ömri
Ýalka Sogaby bilen.

Gaýtalap müňbir adyň,
Alkyşlaryn päk Zatyň,
Nur içinde  ummatyn
Sakla Habybyñ bilen...
Категория: Goşgular | Просмотров: 160 | Добавил: Medicall | Теги: Nurdan | Рейтинг: 4.5/4
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Мango • 15:53, 24.10.2023
Synaga gelen ömri
Ýalka Sogabyñ bilen.

gowy goşgy.
"ýalka sogabyň" diýmän belki "ýalka Rahmetiň bilen" diýmelidir?
sebäbi ynsan sogap işler etmek bilen ýalkanyp bilner, ýöne Allaha bendesini ýalkamak üçin sogap gerek däl, ýagny goşgyda Alla öz sogaby bilen ýalkaýar ýaly görünýär. Allah rahmeti bilen merhemedi bilen ýalkar, bagyşlar.

dileg-goşgyňa Amin diýýän Nurdan hanym.
avatar
0
2 Medicall • 15:57, 24.10.2023
Amin, sagboluñ : "Ýalka Sogaby bilen"

Belligiñiz üçin Alla ýalkasyn :)
avatar
0
3 Mehir • 20:30, 07.11.2023
Ämin
avatar

uCoz