MENU

00:01
Kerwen

KERWEN

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň ýubileýine
“Öt günämi, beýik ilim, eger ýalan ýazan bolsam,
Öt günämi, beýik dilim, eger ýaman ýazan bolsam.”
(“Ene dilim”)
“Indi howp-hatarsyz barýan kerwene
Bilemok men,
barmy meniň derkarym?
Ýöne men barybir ýükläp inere,
Öz täleými şu kerwene tirkärin”
(“Kerwen”)

Atamyrat Atabaýew,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy


Gumsagasyň kiçi dili
ýetip barýar ýetmişe,
Uly dili gol bulaýar
salgym bolan altmyşa.

Indiki menzil—segsen.
Segsenden soň togsan,
ýüz...
Muny bilýär ömrün egsen,
ýa ömre duran ýüzbe-ýüz.

Oguz hanyň ýoly bilen,
Garagumyň go:ly bilen,
Çäksiz dünýe maly dilen,
Alny “Päklik” şygar bilen
Täsin kerwen gidip barýar,
Beýik Ýüpek ýoly bilen.

Kerwenbaşy—perişde deý,
peşeneli ýaşuly.
Daşky keşbi ýatladýar
Bezirgeni—täjiri.

Ol täjir däl.
Ol şahyr.
Galp aýtmaýan türkmen halkyň
päk kalply,
hoş gylykly,
köp menikli
şahyry.

Bu agras kerweniň ýüki ýetipdir:
Söýgi bilen halallyga ýugrylan
bar onda kyssa,
bar onda esse,
şygyrlar desse-desse,
Pederlermiziň payhasyndan dogralan
akyl bar,
nakyl bar,
şekil bar.

Bu kerwende satylanok nebis bilen minnet,
Ýöne, munda maňyz-many, aň-paýhas gymmat.

Daň bilen, günüň dogýan ýerinden,
Kerwen barýar kötel ýolun külterläp.
Gyşdan çykan ýyly şemala münip,
Ýaz hem ýoldaş boldy ýeňini çyzgap.

Ol kerweni möjek ýaly daradylaram,
Misli garakçy deý taladylaram,
görip gözler bilen garadylaram,
haku-nähak barladylaram,
Kesek atyp, çabyradylaram.

Şonda-da ol eselmedi, peselmedi,
Ýöne, on bäş dişi dökülip,
keselledi...
Onuň bu uly derdiniň tesellisin—
Garagumyň guba çägesi heselledi.

“Akyl satýa-maý bu bende?!” diýýänem bar.
Hawa.
Edil seniň üçin diwanam bar:
rusçasy, awar-kalmykçasy, gazak-özbekçesem,
Ezberi, ýüwrügi, ozany, has ökdesem.

Alsaň amanat nakyl hem bar,
Göwneseň nesýe akyl hem bar.
Ýöne,
Oň şöhrat gazanmak aladasy ýok,
nakyl satyp,
Ýa, baýlyk toplamak aladasy ýok,
akyl satyp.

Pitiwa bermän ol hiç zada,
Sözdanalaryn, dürdänelerin
sepip barýar mes topraga
boz ýerlere,
boş ýerlere,
şordan gabyz pis topraga.

Şor ýer agartsa-da saçlaryn
Şorlatmady maňlaýyny, gaşyny.
Şonda-da ol boz ýerler, boş ýerler,
Gowşatmady onuň ylham badyny.

Ýetilmejek, ýeňilmejek menzil ýokdur, şahyrym,
Bu ýolda ar-namys, gaýrat, messep-medetkär gerek.
Garyňa daýan! Hem-de, maksada ýetmek üçin,
Sözlemänkäň üme düşünýän gözel ýar gerek.

Eý, ýigrim-ýigrim birinji asyrlaryň
Ýolbelet,
känbelet,
bigalat şahyry!
Garaşýas saňa bir ýüz birinji çatrykda,
...Garşylamak üçin dowamaty-bakyny.

© Kakajan BALKANOW
2018 ý
Категория: Goşgular | Просмотров: 311 | Добавил: Балканов | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Мango • 12:11, 24.04.2023
Gumsagasyň kiçi dili
ýetip barýar ýetmişe,
Uly dili gol bulaýar
salgym bolan altmyşa.

Gumsagat - öwreniňde ýokardan aşak çäge akýan sagat dälmi?
Gumsagatda dil barmy?
avatar
0
2 Балканов • 18:54, 24.04.2023
Atamyrat Atabaýewiň " Gumsagaty" we "Kerweni" bilen tanyşmysyňyz?
avatar
0
3 Балканов • 18:58, 24.04.2023
Bu ýerde gumsagady we onuň dillerini allegoriýa hökmünde kabul etmeli.
avatar

uCoz