MENU

00:15
Kesel


KESEL

Yzyma seretmän gaçýan, ynansaň,
Baryp gujaklanym kölegäm bolýar.
Gülýän jaý ýerinde, dymlanda dymýan,
Soragdan ýadamsoň:
“Saňa näm bolýar?”

Men bu adamlardan näme isleýän,
Garaşýan sebäpsiz gapymy ýapman.
Olaň arasynda özüm ýitirýän,
Ýigrenýän olary özümi tapman.

Söýgim ýüregimde ýapraga dönen,
Olar gaçmak üçin garaşýar gyşa.
Şonda-da, özümde nägilelik ýok,
Aýdýanlarym meňzese-de nalyşa.

Çaga gülkisine aýňalýan birden,
Ýene duýgulardan oýarýar aklym:
"Şunça möhüm meseläniň içinde
Sen bu hassalygy nireden tapdyň?!"

© Gurbanmyrat MEREDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 155 | Добавил: sussupessimist | Теги: Gurbanmyrat Meredow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 13:46, 01.12.2023
Yzyma seretmän gaçýan, ynansaň,
Baryp gujaklanym kölegäm bolýar.

gaçyp gujaklanyň kölegäň bolsa, onda ýagtylyk yzyňda (arkaňda) galýar...

---
Söýgim ýüregimde ýapraga dönen,
Olar gaçmak üçin garaşýar gyşa.

täsinje setirler...
avatar
0
2 Mekan2 • 15:21, 01.12.2023
gowy goşgy ken.

- Haýsy bendini has beter gowy gördüň? - diýseler
- ikinjini - diýerdim.
avatar

uCoz