MENU

00:55
Kim boldy

KIM BOLDY

Sen gideňsoñ ýaşaýyşyñ,
Ak garasy deñ boldy.
Üýtgäp dünýä garaýyşym,
Maña bar zat geñ boldy!

Durmadym kän gürläbem,
Kemäberdi gülmämem,
Ala gohly dünýämem,
Ses sedasyz sem boldy!

Bilmän näme aýdanym,
Nirden kemter gaýdanym?!
Söýüp diñlän aýdymym,
Bir düşnüksiz heñ boldy!

Gözlerim elek-çelek,
Terse aýlanýar pelek.
Düýnki şadyýan melek,
Haly harap teñ boldy?

Diýdiñ gara gözleriñ,
Özgelere dözmerin...
Şol derman deý sözleriñ,
Gör kimlere em boldy!

Ýakyp yşgyñ kitabyn,
Syrdyñ ýüzden nikabyñ,
Gol tutuşan nikalyñ,
Aýt kim boldy? Kim boldy?

© Gülnäz NUREKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: Medicall | Теги: Gülnäz Nurekowa | Рейтинг: 4.4/5
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Medicall • 01:01, 16.05.2023
Gülnäz ilki bilen saýta hoş gelipsiňiz, , bu goşgyny blogda goýduňyz, şonuň üçin hem baş sahypada çykmady, men alyp täzeden post açdym, indiki goýjaklaryňy baş sahypa düşer ýaly saýta gireniňden baş sahypada "Mowzuk goş" diýip ýazgy bardyr, şondan açsaň beýleki okyjylara-da görüner, hem okalar, hem teswirläp bilerler :)
avatar
0
2 Мango • 01:09, 16.05.2023
Sen gidensoñ ýaşaýyşyñ...
"gideŇsoň" bola:masyn?
avatar
0
3 Medicall • 01:14, 16.05.2023
düzetdim özün-ä, düzedenim ýalňyş bolsa Gülnäz hanym aýdaýar-da indi hä))
avatar
1
4 Мango • 01:18, 16.05.2023
Gülnaz hanyma-da hoş geldiňiz diýýäris.
avatar

uCoz