MENU

08:28
Kitap
KITAP

On sekiz ýaşymda sopbaş bir zada,
Gat-gat sahaplara erişip gezdim.
Zähmete-de werdiş bolmadym bada
Öýüň keşgi bilen oňuşyp gezdim.

Iş diýip gitmedim taşlap kitaby,
Men Onsuz ummadan çykyp bilmerin.
Günemaňam näme, bolar bir taby
Mal üçin hemdilden geçip bilmerin.

«Nep barmydyr, ýöne okap ýörmäňem»
Dostlam seňrigini ýygryp aýtdylar.
Oň gatyny asla açyp görmänem,
Bagtyň özi najyratdyr öýtdüler.

Uja Taňram Muhammede birinji,
«Oka, oka!..» diýip, perman berendir.
Kimsäniň kalbynda bolsa bir ünji,
Kitap köňüllere derman bolandyr.

Birden ajal gelip, kesse ömrümi,
Wesýetimi kelläňizde aýlaň siz:
Watanyň goýnunda gazyp gabrymy,
Ýanymda-da kitap goýup jaýlaň siz!

Baýramberdi GELDIMYRADOW (18.02.2023ý)
Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: BayramberdiGeldimyradov | Теги: Bayramberdi Geldimyradow | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz