MENU

21:36
Klasdaşlaryma

KLASDAŞLARYMA

Eýýäm geçip gidipdir,
Ýyllaň näçe kerweni.
Ýöne kalba ýatlama
Kerwenin çeker weli,
Gaýdyp gersiň şol öňki
Mekdebiň klasyna,
Garagol çagalyga,
Mollumlaň yhlasyna.
Gyz bilen oglan bolup,
Oturarys partada,
Döwlet serhedi – çyzyk,
Ýatyr iki ortada.
Çykjak bolsaň gapydan,
Goh turar, gyslyşarlar.
Öň itde-pişik bolan
Oglanlar ysnyşarlar.
Garap gyzlara ogryn,
Gider göwnüňe ünji,
Gizlin ýerdir öýdersiň,
Boşan klasyň künji...
Seçer durmuş jüýje deý,
Geçersiň öz ornuňa,
Durmuş çakyň ýaly däl,
Pitiklär ol burnuňa.
Ýöne hiç birimizem
Däldik lellim ýa lälik,
Tutan maksadymyzdan
Gaýtmadyk yza dänip.
Undamzok bir-biregi,
Ýogsa çar ýan dagadyk.
Bizi dargadýan durmuş,
Birleşdirýän çagalyk.

Orazguly ANNAÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: Parahat6499 | Теги: Orazguly Annaýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 21:17, 01.05.2023
Gyz bilen oglan bolup,
Oturarys partada…

Düşnükli.
Ýöne “Gyz bilen oglan bolup” oturman “Gyz-oglan bilelikde…” otursa näderdi?
avatar

uCoz