MENU

10:46
Kök
KÖK

Şahyr Baýram Jütdiýewe

Topragyň üsti durşuna agaç.
Topragyň asty eriş-de-argaç.

Ýüz dürli kökler eýläk-de-beýläk.
Emma bir-birin edenok heläk.

Birek-birege ýapyşýar olar.
Aşyklar kimin öpüşýär olar.

Öpüşdigiçe çuňlaşýar kökler.
(Islän çuňlugna ýetip biljekler!)

Çuňlaşdygyça olaryň köki,
Köpelip barýar omzunyň ýüki.

Omzunyň ýüki boldugyça köp –
Ýeriň keýpi kök,
Köküň
keýpi kök...
Категория: Goşgular | Просмотров: 83 | Добавил: Pero | Теги: Kerim Gurbannepesow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 12:36, 25.09.2023
gyzykly.
Kerim aga Baýram agany köki çuňlara ýetýän baga meňzedýämi.
ýa-da Baýram agany "kökden" mysal almaga çagyrýamy?

şahyrlaň oňşuksyzlygyna, birek-birege päsger berişlerine deginýär öýdýän Kerim aga.
avatar
0
2 Pero • 13:38, 25.09.2023
Menem soñky çaklamañyzdyr öýdýän. Umuman,adamda göriplik etme häsiýati bar,ṣonuñ ýalylara diyyän ýaly "Gyzym saña aydaýyn,gelnim sen düṣün" diýip.
"Bir-biregiñ aýagyndan aslyṣyp,azara galmañ,aslyṣmanyñyzda hem heriñiziñ öz aýratynlygyñyz,üstünligiñiz,ýoluñyz,köküñiz bar,adamlar" diýen ýaly Kerim aga. Ruhy ṣat bolsun!
avatar

uCoz