MENU

06:48
Köle Aý gaçypdyr

Seret, köle Aý gaçypdyr,
Hezil edip suwa düşýär.
Aramyz örän açyk dur,
Biz şeýle ýakyn hem daş, ýar!

Ýumşak ellerimden tutma,
Al ýaňagym gysmasana!
Bir haýyşym: sen bir gitme!
Gitseň, köňül ysmasa nä?!

Içim — bag-bakjaly bossan,
Uçuşyp ýör kebelekler.
Yşkym — ýazylmadyk dessan,
Ýazmagyma kömek et, gel!

Näme diýseň, mamla seňki,
Asla ýalňyş zat diýeňok.
Ýüregim aklymy ýeňdi,
Men seni söýmän bilemok.

© Uzuk NOWRUZOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 135 | Добавил: Pegas | Теги: Uzuk Nowruzowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
1
1 Şygryýetiň_aşygy • 07:46, 18.11.2023
Goşgy erbet däl. Tehnikasyny gowulasa hasam gowy ýazar bu şahyr.

Seret, köle / Aý gaçypdyr,
Hezil edip / suwa düşýär.

Şu iki setirde sezura 4 bogundan bölünýär.

Şu bendiň soňky iki setirinde welin:

Aramyz / örän açyk dur,
Biz şeýle ýakyn / hem daş, ýar!

3/5 hem 5/3 bogunlarda säginilýär.

Sezura bozulsa okanyňda büdreýär.

Onsoňam, "düşýär - daş, ýar" ýaly kapyýalar trafaretleşen kapyýalar.
avatar
1
2 Мango • 11:13, 18.11.2023
Seret, köle Aý gaçypdyr,
Hezil edip suwa düşýär.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Ag­şam Aý...

Ag­şam Aý ga­çyp­dyr kö­lüň üs­tü­ne,
Ag­şam Aý ga­çyp dur kö­lüň üs­tü­ne:
Ag­la­şyp dur gü­jüm­le­riň «eje­si»
Ag­şam Aý ga­çan­da kö­lüň üs­tü­ne,
Te­kiz däl­di Aýyň suw­dan «kö­çe­si».

Suw­da­ky Aý ýüz­ýär, dur­ýar gök­dä­ki,
Däl­mi­kä iki­si ýa ekiz­ta­ýy?
Ag­şam Aý ga­çyp dur kö­lüň üs­tü­ne,
Ekiz ýa ekiz däl, Aý ekiz­ta­zy...

Gö­ze il­ýär köl­ýa­ka­dan geç­di­giň,
Ag­şam Aý ga­çyp­dyr kö­lüň içi­ne.
Bel­ki-de, ýuw­dan­dyr bir ene ba­lyk,
Gü­jüm­ler kel­le­sin su­wa sok­ýar-da,
Gö­ýä, suw düý­bün­de şol Aý bar ýa­lak...

He­re­ket­de dün­ýäň ga­raň­ky­ly­gy,
Bel­ki-de, çap­raz­dyr su­wuň aý­na­sy.
Ag­şam Aý ga­çyp­dyr kö­lüň içi­ne,
Ýi­ti­ren dek suw düý­bün­de ma­ýa­syn...

Us­sat­lyg­na şüb­he­si ýok adam­laň,
Ýek-tük köl­ýa­ka­dan öt­ýär öteg­çi.
Bel­ki-de, köl ýyg­şy­ryp­dyr şol Aýy,
Ga­ra-gök at­laz­nyň bo­gup eteg­ni.

Kim bi­ler? So­wal bi, göz­le­ri çyl­gym,
Us­sat su­rat­ke­şiň şö­wür gi­je­si.
Ag­şam Aý ga­çyp­dyr kö­lüň içi­ne,
Şon­dan soň tol­kun­lar has hem güý­je­di...

Şon­da-da owa­dan, şon­da-da du­ry,
Şug­la bi­len dol­du­ryp sag-so­lu­ny.
Ag­şam Aý ga­çyp­dyr kö­lüň içi­ne,
Çü­müp git­di, tap­man suw­dan ýo­lu­ny...

Ag­şam Aý ga­çyp­dyr kö­lüň içi­ne,
Kö­lüň için Aý reň­kin­den dol­du­ryp...
avatar
0
3 Pegas • 11:35, 18.11.2023
Uzuk soňky döwür şu O.Bäşimowany okaýar onda. Edil beýdip "täsirlenendir" öýtmändim ýöne. Aradaky "aýdym aýtdyňly" goşgusam Bäşimowanyň "Sen saz çaldyň..." goşgusyndan täsirlenilendi. Dogry...
avatar
0
4 Kyyas • 19:12, 19.11.2023
Al ýañagym gysmasana (öz pikirim) al ýañagym gysmasana diýilende göz öñümde janlanan keşp eli bilen ýañaklarynda gysyp, hamana urjak bolýanyñ hereketi... Elbetde başgarak pikirde ýazandyr
avatar

uCoz