MENU

00:20
Köne heň

KÖNE HEŇ

Birden tanyş heň ýaňlandy radioda:
“Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!”
Oňa hiňlenerdi tanyş-bilişler
Hökman, meni görerine mähetdel.

Irkilen deý süýji düýşüň içinde,
Gözüm ýumup, gönügerdim hyýala.
Gadymy dessanda galan köne heň
Özüm üçin ýazylan deý hamana.

Senem hiňleneňde köpüň ugruna
Öňkülerden has-da ünsli diňledim.
“Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!”
Ýöne, nämüçindir, gitdiň, gelmediň.

Eliňden uçursaň arzyly guşuň,
Nepi degmez asla ahmyr-ahlaryň.
Köşeşdi:re Tahyry-da bolmansoň,
Özi aglap, özi diňýär Mahymyň.

...Ýyllar soňra kalbym gozgan köne heň
Giň pursat döretdi ýürek dökmäge.
Oýuňa gelmesin ýazgarýar diýip,
Aýby ýokdur duşan bolsaň “Zöhräňe”.

© Mahym NURGELDIÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 129 | Добавил: Pegas | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Seýrаn • 08:34, 04.04.2024
Berekella Mahym, ýazsaň gowy bolar sen! Duýgularyňy ýeterlik aýdyp bilipsiň. Heňem täzeçe.
avatar
1
2 Küle • 16:45, 04.04.2024
Heňi erbed-ä däl ýalyla. Göreli bakaly.
avatar

uCoz