MENU

17:52
Köne ýyl duýgusy

KÖNE ÝYL DUÝGUSY

Bu ýylyñ ýüzüne tutulýar perde,
Serime düşnüksiz pikirler gelýär.
Obalaryñ kalbyn çekip, şäherde
emeli arçalar gurldy eýýäm.

Agşamlar Asmanda yşyk yranar,
Bir ýerlerde şemallar hem dymyp dur.
Köçelerde ýanyp-öçýär çyralar,
Diwarlardan erän reñkler damyp dur.

Hormat bilen garşylanan täze ýyl,
Boýnun burup siñip barýar taryha.
Garşylanýan ýyl hem duýman täleýin,
Kürsäp gelýär başyn aýlap tarypa.

Kebaplaryñ köze damýan ýagynyñ
köýen ysyn ýaýradyp dur tüsseler...
Kimler derde goýar, täze ýarynyñ
Elin tutup köne ýoldan ötseler...

Biwepalyk eden ýaly ýaryma
Täze ýyl diýp timarlansam, bezensem...
Bilmen, näme zeper berdi añyma,
Bolmazmyka, il deñinde begensem?!.

14.12.2023ý. 15:20

© Akmyrat JUMAÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: Medicall | Теги: Akmyrat Jumaýew | Рейтинг: 4.0/5
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Мango • 18:01, 15.12.2023
täze ýylam sanlaryň çalşygyndan başga zat däl.
"her jan ölümi datjakdyr" diýilişi ýaly (aýat bolmaly), her ýylyňam soňy geljekdir...
onda nämäň baýramy diýsene?
söwdegär halky-ha hezil edýär bahana bilen...

dünýedäki täze ýyl söwdasynyň hetdi hasaby ýok bolmaly.
adamlaň eline bellemäge şagalaň berip, öz ellerini hem jübümize sokýalar....

gaýrat edersiňiz-dä, indiki girdejiňiz fewralyň başynadyr... fewrala ýeteňsoňa aňyrda martam bar. ölme eşegim...
avatar
0
2 Kyyas • 18:04, 15.12.2023
Çagalaryñ we garyplaryñ:))
avatar
0
3 garagar • 18:39, 15.12.2023
Söwdagärler-ä halaňok ekeniň-ow)
avatar
0
4 Мukam • 20:14, 15.12.2023
Diwarlardan erän reñkler damyp dur.
Düsünmedim. Even reñler dammasy nähili bolya
avatar
0
5 Ak-sary • 21:07, 15.12.2023
Akmyrat hekaýany gowy ýazýar.
avatar

uCoz