MENU

00:28
Konferensiýa
KONFERENSIÝA

He-eý,
ömrüm, ömrüm..
Ýanmankak öçmäli,
Bihuda geçmäli!

Kynçylyga bermăli yan,
egşäp, müzzerilip,
iññildäp ýörmäli, hoşmy?!
Owadan bolaly--
göýäki gözel goşgy.

Bir gymmatlyk bar,
Ezelden peşgeş ynsana:
Şoñ bilen hemdem bolupjyk,
"Göwnümiziñ göwünjigin" unudyp
Her gün, her dem,
Haýyr işiñ ugrunda
Mansur bolaly.

Bir gezek bolup mediwany
Görnüşhana gelen
ötegçidigmizi unutmany
sen-meni,
men-seni uýaldyrmany
Bezäli menzilmizi, yagșymy?!
.. Gül ömrüm, eziz ömrüm.!

© Kalba NUR.
Категория: Goşgular | Просмотров: 135 | Добавил: Medicall | Теги: Nurdan | Рейтинг: 5.0/5
Всего комментариев: 11
avatar
0
1 Medine • 01:23, 06.12.2022
He-eý,
ömrüm,ömrüm
Ýanmakak öçmäýli,
Bihuda geçmäýli!
avatar
1
2 Pero • 11:51, 07.12.2022
Konferensiya menem goşsañyzlañ smile

Bir gymmatlyk bar,
Ezelden peşgeş ynsana:
Şoñ bilen hemdem bolupjyk,
"Göwnümiziñ göwünjigin" unudyp
Her gün, her dem,
Haýyr işiñ ugrunda
Mansur bolaly."
Bolaly hökman şeýle bolaly. Şüüü,her kim üçin bir zat gymmatlyk bolup durýa-da. Sen gymmatlyk diýeñse nämäni gözöñüñde tutdyñkañ,aýaldogan?! Pikirlenmeli boljak
avatar
1
3 Pero • 11:53, 07.12.2022
"Bir gezek bolup mediwany
Görnüşhana gelen
ötegçidigmizi unutmany"... hawa dünýä-görnüşhana bir gezek gelýäs,onda-da myhman bolup,emma muny unudýas aýaldogan!
avatar
1
4 Мango • 12:28, 07.12.2022
Bir gymmatlyk bar, 
Ezelden peşgeş ynsana: 
Şoñ bilen hemdem bolupjyk, 

Haýyr işiñ ugrunda 
Mansur bolaly." 

Şo gymmatlyk pikirimçe her ynsanyň kalbyna oturdylan ynanjy (imany) bolmaly.
Kä kişi oňa serenjam berip, gorap ýetişdirse, kä kişi ony haşal ota basdyrýar.
kä kişi bolsa kalbynda oň ýaly zadyň bardygynam duýman ötüp gidýär.

hawa, gowy ýatlama (ündew).
ol peşgeşi (özem mugtjak sowgat-peşgeş) har saklaman onuň bilen hemdem bolup bilseň ne ýagşy bize.
gowy goşgy.
awtor hanyma berekella.
avatar
0
5 Medine • 21:43, 07.12.2022
Bir ýol bar
Uzalar tä gabra çen.
Bu ýol sabrymdyr meniň
Garnynda dokuz aý göteren aýal
Garnyň gabrymdyr meniň.
Şeýle.
avatar
0
6 Medine • 21:45, 07.12.2022
Seni goşup bolmaýa
avatar
0
7 Medicall • 23:42, 07.12.2022
@Medine, teswiriñi özüñ teswirläp beramasañ..men-a düşünmedim.
avatar
0
8 Medicall • 23:52, 07.12.2022
Elbetde, ilkinji nobatda adamda ynsap bolmalymyka diý]ip düşünýän, kalbynda, gursagynda, ruhunda ynsap nury çaýylmadyk adamda imanam, adamçylygam bolmaz, çaga dünýä inende ynsap bolýandyr gursagynda, arassa dogulýandyr. emma ol ýitýän bolsa soñ ýitýändir. Alýan terbiýesine, galyberse-de daş töwereginden ýetýän täsirleñ netijesinde ýok bolubam, bar bolubam biler,(ynsabymyzy ýitirip, imansyz gitmekden gorasyn) esasy özüñi özüñ edip bilmek üçinem ýene õzüñ gerek bolýañ-da..

"kanso, kanso mediki, .....alym bolmañ, adam boluñ... " diýerdi bir mugallymymyz..şonuñ aýdyşy ýaly adam bolmak üçinem elimizden sähelçe geljek bolsa ýagşylyk, haýyr gelsin, nepimiz degsin il gúne.. Umuman Şeýlerãk manyda ýazan bolamasa şu awtor hanym D))

Öz ýazan zadymy özüm analizläp oturmak maña düşmez, emma beren soragyñy jogapsyz goýmaýyn diýdim, aýaldogan, ))konferensiýa goşmasam bolmaz diydim))
avatar
0
9 Medicall • 23:58, 07.12.2022
Köp sagboluñ!
avatar
0
10 Medenýet • 23:44, 21.01.2023
Hany suratyň barda
avatar
0
11 Medicall • 01:30, 22.01.2023
-Suratyñ bar-da, hany ol.
-ugratdym.
-niräk!
Hootakk!
avatar

uCoz