MENU

09:57
Köñül ýoly

KÖÑÜL ÝOLY

Şeyle kert
Şeýle bir beýik
Şol ýol
Özüne çekip dur meni.

Basgançak-basgançak,
Erk bilen
Çydam bilen,
Birkemsiz
Ynam bilen
Çykmaly oña.
Şol ýol şeýle bir
Özüne çekýär.

Ol ýoluñ
Reñme-reñ
Güllerden halysy bar
Şaha-şaha bolan
ýodasy bar
Täk şol ýoluñ özi
Özüne çekýär.

Ol ýoldaky
Ynsanlar şeýle bir gözel
Gözlerinde mähir bar
Akyp ýatan mähir.
Büdreseñ,
Kalpdan gyýylýar olar
Yardam etmezlige uýalýar olar.

Men bärden ol ýola
Seredip durun.
Ýeke gitmeli däl
Bu ynamy arzylaýan.
Günlerde bir güni
Señ bilen bile
Şol ýola düşmegi
Arzuwlaýan.

ÝAZGYT DÄL EKEN

Kiçijikdim örän
Çagadym gamsyz.
Näme sebäpden
Aýdym diñläp aglardyñ.

Hiñlenip zaryn,
Gamlanan çagyñ.
Aýdym aýdyp
Aglardyñ.

Eje,eje,jan eje!
Aýdym eken ykbalyñ.
Arman eken yhlasyñ
Eje!

✒Meñli Aşyrowa
Категория: Goşgular | Просмотров: 106 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 12:46, 02.05.2023
köňül ýolu.
azajyk owaz ýetmeýän ýalymy?
italian dilinde däl-de nemes dilinde ýadylýan ýaly.
sözlemler gatyrak eşdilýär.
ýöne, türkmen dilem kän bir owazlam däl welin...
avatar

uCoz